Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň gallany eksport etmek meýilnamalary barada aýtdy. Ol öz ýurdunyň dünýä bazarlaryny 50 million tonna çenli galla bilen üpjün edip biljekdigini belledi. Putiniň pikiriçe, Russiýa şu ýyl 50 million tonna çenli gallany eksport etmäge mümkinçilik berjek gowy däne hasylyna garaşýar.
Rus lideri öz ýurdunyň dünýä bazaryny diňe bir galla bilen däl, eýsem beýleki oba hojalyk önümleri, şol, sanda, dökünler bilenem üpjün etmäge taýýardygyny aýtdy. Wladimir Putin öz çykyşynda Russiýa üçin söwda şertleriniň çylşyrymlaşandygyny tassyklap, hususan-da, ýurdunyň ulag ätiýaçlandyryşy we bank geçirimleri bilen baglanyşykly kynçylyklary başdan geçirýändigini belledi.