“Google” kompaniýasy maliýe ulgamyndaky ornuny berkidýär. Kompaniýa “Google Wallet” elektron gapjygyny täzeledi. Indi bu elektron gapjygy “Android” amaly ulgamynda işleýän mobil enjamlarda bank we karz kartlaryny saklamak we dolandyrmak üçin ulanyp bolar. Şeýle hem sanly şahsyýetnamalary, jemgyýetçilik ulaglarynyň töleg kartlaryny, dürli biletleri, ulagyň açaryny saklamaga mümkinçilik dörediler. Mälim bolşy ýaly, kompaniýanyň “Google Pay” atly töleg ulgamy hem bar. Täze gapjygyň bu töleg ulgamy bilen hem sazlaşykly işlejekdigi mälim edildi.

 Rahman Mahmydow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby