Häzirki wagtda “SpaceX” kompaniýasynyň “Starlink” taslamasynyň çäklerinde internet hyzmaty hödürlenýän ýurtlaryň sanynyň 32-ä ýetendigi mälim edildi. Täze maglumatlara görä, “Starlink” internetinden Ýewropa, Demirgazyk Amerika, Günorta Amerika, Awstraliýa we Täze Zelandiýa ýaly ýurtlaryň köp böleginde peýdalanyp bolýar. Golaýda Afrikanyň köp ýerinde  bu hyzmatyň ýola goýuljakdygy mälim edildi.

Ýylyň başynda dünýäniň 25 ýurdunda şeýle hyzmatyň bardygy habar berlipdi.

“Starlink” taslamasy bilen dünýäniň ähli ýeriniň gönüden-göni kosmosdan internet bilen üpjün edilmegi meýilleşdirilýär.

Alişer Beşimow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby