-Argentina, BRIKS toparynyň doly agzasy bolmaga çalyşýar – diýip, Argentinanyň Prezidenti Alberto Fernandes birleşigiň döwlet Baştutanlarynyň XIV sammitinde eden çykyşynda aýtdy.
– Dünýä ilatynyň 42%-ini we dünýädäki jemi içerki önümiň 24%-ini emele getirýän bu milletler toparynyň doly agzasy bolmaga tagalla edýäris – diýip, Fernandes sanly ulgam arkaly eden çykyşynda belledi.
Argentinanyň lideriniň bellemegine görä, onuň ýurdy azyk önümleriniň üpjünçisi, şol sanda, biotehnologiýa we amaly logistika pudagynda ykrar edilen hyzmatdaşdyr.
-Biz diňe bir azyk önümlerini öndürmek we eksport etmek bilen çäklenmän, beýleki ýurtlaryň ýaşaýjylarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen hyzmatlary hödürlemegi we hünärmenleri taýýarlamagy hem başarýarys – diýip, Fernandes BRIKS liderleri bilen sanly ulgam arkaly söhbetdeşlikde aýtdy.
Hytaýyň baştutanlygynda sanly ulgam arkaly guralan XIV BRIKS sammiti 24-nji iýunda öz işine başlady. Sammite bileleşige agza ýurtlarynyň ýolbaşçylary – Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi, Braziliýanyň Prezidenti Žair Bolsonaro, Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa gatnaşdy. Sammite Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin başlyklyk etdi.
Sammitiň mowzugy, 2030-njy ýylda çenli döwürde durnukly ösüş meýilnamasyny bilelikde durmuşa geçirmegiň hatyrasyna täze döwürde global ösüşiň bähbitleri üçin hyzmatdaşlyk gurmak barada boldy.
Sammitiň ikinji gününe diňe BRIKS ýurtlarynyň bäşisiniň ýolbaşçylary däl, eýsem Argentina, Müsür, Eýran, Indoneziýa, Gazagystan, Kamboja, Malaýziýa, Senegal, Taýland we Özbegistan ýaly birnäçe döwletiň ýolbaşçylary hem gatnaşdy.