Her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýär. Baýramyň dowamynda, bize hem Türkmenistanyň halk artisti, Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň uly mugallymy Anna Meläýew bilen duşuşyp, onuň baýramçylyk gutlaglaryny size ýetirýäris.
– «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň her bir güni toýdur-baýramlara, şanly senelere beslenýär. Elbetde, medeniýet we sungat işgärleri üçin bu baýramçylygyň ähmiýeti aýratyn. Sebäbi, ähli sungat ussatlary öz hünär baýramçylygyna aýratyn taýýarlyk görüp, täze eserleri döredip, bu özboluşly toýa sowgatlary bilen barýarlar. Biz hem Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrymyzda täze oýunlardyr, sahnalary goýup, baýramçylyk ruhuny has-da belende göterýäris.
Teatr adamzat tarapyndan döredilen täsin sungatdyr. Onda janlandyrylýan keşplere bolsa, ömür diýmek bolýar. Çünki ol islendik wakany tomaşaça janly ýagdaýda ýetirip bilýär. Tomaşaçylar tarapyndan oýunlarynyň gyzgyn garşylanmagy üçin bolsa, biz arman-ýadaman zähmet çekip, elmydama täze pikirleriň gözleglerde bolýarys.
Ine, hut geçen aýyň özünde hem ýurdumyzda «Türkmen teatr sungaty» atly festiwal geçirildi. Şol mynasybetli Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda Magtymguly Myşşyýewiň «Ene» atly sahna oýny goýlup, onda institutymyzyň talyplary üstünlikli çykyş etdiler. Festiwalda Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň 5-nji ýyl talyby Mähri Esenowa, Akgözel ejäniň keşbini ýerine ýetirip, «Ýaş zehin» atly baýrak bilen sylaglandy. Ýaş talyplarymyzyň türkmen sungatynyň ösmegine goşýan goşandy biz halypalary diýseň begendirýär.
Medeniýet we sungat işgärleri baýramynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryna «Akademiki» hukuk derejesi berilmegi biz medeniýet işgärleri üçin aýratyn sowgat boldy.
Pursatdan peýdalanyp medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen hem ähli Watandaşlarymyzy tüýs ýüregimden gutlaýaryn!
Ýazga geçiren: Gunça HAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby