Adaty lukmançylyk  garpyz we garpyz önümlerine ýokary baha berýär. Sebäbi garpyz önümleri peşew kislotasyny we şonuň bilen birlikde zäherli birleşmeleri bedenden çalt çykarmaga ýardam berýär. Bu dermanlyk häsiýet peşew ýollarynda döreýän keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Garpyzyň çigidi,  esasan, erkek adamlar üçin has peýdalydyr. Bu önüm bedendäki mäzleriň işleýşini sazlaýar, düzüminde seleniň we sinkiň mukdarynyň köp bolmagy adenomanyň (epitelide döreýän çişler) ösmeginiň öňüni alýar we jyns işini kadalaşdyrýar.

Belok düzümi (35%) myşsa massasyny saklamak we bedeniň sarp edýän energiýasyny doldurmak üçin aminokislotanyň ýeterlik saklanýan gory  hasaplanýar. Garpyz çigidinde adam üçin has peýdaly dört sany aminokislota saklanýar: triptafon, glýutam turşusy, lizin, arginin. Arginin gan basyşy kadalaşdyrýar, töwekgelçiligi peseldýär.

Garpyz çigidi görüşi gowulaşdyrýar, dyrnagyň we saçyň saglygyny goramaga  ýokary derejede kömek edýär.

Garpyz çigidini çigligine iýmek maslahat berilmeýär. Gowrulan garpyz çigidiniň has peýdalydygy aýdylýar.

Garpyzyň çigidini nädip gowurmaly?

Arassalanan garpyzyň çigidini ykjam ýapylan gazanda bir sagat çemesi gaýnatmaly. Soňra bolsa, ýuwup, duzlamaly we süzgüçden geçirmeli.

Soňra bolsa, naharyň düýbini tutdurmaýan gazanda suwuny çekýänçä orta derejeli otda gowurmaly. Ýaýbaň gabyň içine mata ýazyp, şonuň üstüne gowrulan çigidi ýazmaly. Soňra bolsa, Gün düşýän ýerde goýmaly. Bir günden durandan soňra, çigitläbermeli. Saklamak üçin bolsa, aýna gaba salyp, agzyny ýapyp goýmaly.

Oguljemal BATYROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby