Fransiýanyň Professional futbol ligasy «Oser» bilen bolan duşuşykda janköýerleriň eden bidüzgünçilikleri sebäpli «Sent-Etien» toparyna berlen jerimeleri mälim etdi. «Ligue 1»-de galmak üçin «Oser» bilen pleý-off duşuşygyny geçiren toparyň janköýerleri jogap oýnunda bidüzgünçiliklere ýol beripdi. Toparlarynyň aşaky liga düşmegine nägilelik bildiren janköýerler meýdança girip, futbolçylara zyýan berjek bolupdylar, meýdança birnäçe alawly taýajyk zyňypdylar. Şol sebäpli toparyň 3-si soň bolmak şerti bilen 6 utugy aýrylar. 2-si soň, öz meýdançasyndaky 6 duşuşygy tomaşaçysyz oýnalar. Ýagny «Ligue 2»-de täze möwsüme -3 utuk bilen başlajak «Sent-Etien» toparynyň öz meýdançasyndaky ilkinji 4 duşuşygy tomaşaçysyz geçiriler. «Sent-Etien» topary Fransiýanyň çempionaty «Ligue 1»-de iň köp çempion bolan iki klubuň biridir. Topar PSŽ bilen bilelikde 10 gezek «Ligue 1»-de çempionlyk gazanypdy.