Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada halkara döredijilik dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlary gatnaşdylar.
Aşgabatda geçiriljek VI Hazar sammitiniň öňüsyrasynda baýramçylyk şowhunyny döretmäge gönükdirilen dabara ýerine ýetirijileriň özboluşly zehinini hem-de žanrlaryň köpdürlüligini görkezdi. Oňa daşary ýurtly meşhur artistleriniň gatnaşmagy döredijilik işjeňligine täze itergi berip, ýurdumyzyň medeni durmuşynda ajaýyp waka öwrüldi.
Baýramçylyk konsertinde ýurdumyzyň meşhur sungat ussatlary bilen birlikde birnäçe daşary ýurtlardan görnükli aýdymçylar, aýdym-saz toparlary, şol sanda Täjigistan Respublikasyndan Fardaws Hoşimow, Russiýa Federasiýasyndan aýdymçy Mari Kraýmberi, “Artik-Asti” topary, bu ýurduň Tatarystan Respublikasyndan “Jukebox Trio” topary, Tunisden Amani Suissi, Şwesiýadan Doktor Alban, Birleşen Arap Emirliklerinden Balkis, Russiýa Federasiýasyndan hem-de Azerbaýjan Respublikasyndan Emin Agalarow, Türkiýe Respublikasyndan Demet Akalyn, ABŞ-dan Aýkon çykyş etdiler. Türkmen artistleri tarapyndan ýerine ýetirilen “Küştdepdi” tansy baýramçylyk çäresine aýratyn joşgun berdi. Onuň jadylaýjy mukamy hem-de tanslar arkaly ýerine ýetiriliş usuly hiç kimi biparh goýmaýar. Daşary ýurtlaryň ýerine ýetirijileri hem türkmen kärdeşleri bilen birlikde “Küştdepdiniň” akabasyna goşuldylar.