Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Prezident Raisi şu gün ýokary derejedäki wekiliýet bilen Aşgabatda geçiriljek Hazar sammitine gatnaşar.
Prezident Ebrahim Raisini Aşgabadyň halkara howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow garşylady.
Eýranyň Prezidenti sammitiň çäklerinde oňa gatnaşýan döwlet Baştutanlary bilen ikiçäk duşuşyklary geçirer.
Sammite Hazarýaka döwletleriniň ählisini döwlet ýolbaşçylary gatnaşýar.
Hazar sammitiniň wakalaryny dünýä jemgyýetçiligine gyzgyny bilen ýetirmek üçin paýtagtymyz Aşgabatdaky “Arçabil” myhmanhanasynda ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin mediýa merkezi döredildi.