29-njy iýunda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda altynjy Hazar sammiti geçirildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygy kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynda guraldy. Sammite gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin türkmen paýtagtyna geldiler.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmanlar mähirli garşylanyldy. Bu ýerde bäş goňşy ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Altynjy Hazar sammitiniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri bilen duşuşdy.

 “Arkadag” myhmanhanasynda, sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Arkadag” myhmanhanasynyň eýwanynda belent mertebeli myhmanlaryň her biri bilen mähirli salamlaşdy. Aşgabat sammitiniň resmi nyşanynyň öňünde däp bolan bilelikde surata düşmek dabarasyndan soň, oňa gatnaşyjylar kiçi mejlisler otagyna barýarlar, şol ýerde gysga düzümdäki ýokary derejeli bäştaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriň Baştutanlaryny mübärekläp, sammite gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi hem-de Aşgabatda geçirilen şu derejedäki birinji duşuşykdan bäri ýigrimi ýylyň geçendigini belledi.

Ýigrimi ýyl mundan ozal, 2002-nji ýylda hut Aşgabatda birinji Hazar sammiti geçirildi. Bu sammit uzak möhletli geljek üçin netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge badalga boldy. Ýokary derejedäki şu duşuşygy geçirmek başlangyjyny hem Türkmenistan öňe sürdi. Bu teklip 2018-nji ýylyň awgust aýynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen V Hazar sammitiniň barşynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan beýan edildi.

Soňra altynjy Hazar sammiti uly mejlisler zalynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentlerini Türkmenistanda ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp hem-de Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy duşuşygyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirip, biziň ýurdumyzyň muny Hazarda maksatlarymyzyň umumydygynyň, ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygynyň tassyknamasy hökmünde kabul edýändigini belledi.

Yzygiderli hyzmatdaşlygyň binýady 20 ýyl ozal goýuldy

Mälim bolşy ýaly, 2002-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda birinji Hazar sammiti geçirildi. Sözüň doly manysynda, hut şonda Hazar gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça uzak möhletli geljek üçin yzygiderli hyzmatdaşlygyň binýady goýuldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şondan bäri 20 ýyl geçdi we biz bu gün Hazar sebitinde ýokary döwlet derejesinde syýasy gatnaşyklaryň täze görnüşiniň zerurdygyny hem-de biziň halklarymyzyň parahatçylygynyň, ösüşiniň we rowaçlygyň bähbidine kenarýaka ýurtlaryň maksatlarynyň we bähbitleriniň bitewüliginiň aýgytlaýjy şerti hökmünde ykrar edilendigini aýdyp bileris.

Soňra Tähranda, Bakuwda, Astrahanda, Aktauda geçirilen sammitler hem Hazar üçin möhüm ähmiýete eýe boldy, Hazar gatnaşyklarynyň dürli ulgamlarynda döwletleriň bilelikdäki işine kuwwatly itergi berdi. Biz bu babatda bäş döwletiň ählisiniň uly hyzmatynyň bardygyny ynamly aýdyp bileris. Şol döwletleriň her biri sebitde özara gatnaşyklaryň binýadyny kemala getirmäge uly goşant goşdy diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Geçen döwürde köp işler amala aşyryldy. 2018-nji ýylda Aktauda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi biziň esasy umumy üstünligimiz boldy. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Hazarýaka döwletleriň hemmesiniň resminamany taýýarlamagyň ähli tapgyrlarynda işjeňlik görkezendigi, birek-biregiň bähbitlerini nazara alandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Şonuň bilen birlikde, Hazarda hyzmatdaşlyk boýunça pudaklaýyn ylalaşyklaryň ençemesiniň üstünde işlenildi we bu iş dowam etdirilýär. Bularyň ählisi häzirki wagtda biziň gatnaşyklarymyzyň hil taýdan anyk häsiýete eýe bolmagyna, maksadalaýyk, yzygiderli we netijeli ösmegine ýardam etdi diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Netijeli we birek-birege hormat goýmak esasyndaky gatnaşyklar alnyp barylýar. Ol Hazar meselesiniň dürli ugurlaryny — syýasy, ykdysady, söwda, ekologiýa babatdaky hem-de ynsanperwer gatnaşyklary öz içine alýar.

Hazar sebitinde ygtybarly, uzak möhletli howpsuzlygy üpjün etmek möhüm we şol bir wagtyň özünde bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünliginiň esasy şerti bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Biz bilelikde Hazar sebitiniň parahatçylyk we ösüş hem-de ynanyşmak zolagy bolmagynda galmagy üçin ähli tagallalary etmelidiris.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga, beýleki islendik kanuna laýyk gelmeýän işe garşy bilelikde göreşmegi möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi. Bu babatda biziň hyzmatdaşlygymyz örän netijeli, barlyşyksyz häsiýete eýe bolmalydyr, yzygiderlilik, toparlaýynlyk we açyklyk ýörelgeleri esasynda guralmalydyr.

Bu işde diplomatik gatnaşyklara, ilkinji nobatda bolsa, Hazarýaka döwletleriň ýörite ygtyýarly wekilleriniň derejesinde Daşary işler ministrlikleriniň howandarlygynda bäştaraplaýyn yzygiderli geňeşmeler guralyna möhüm ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda Aktauda geçirilen sammitde kabul edilen Beýannamada bu ýagdaý öz beýanyny tapdy. Geňeşmeleriň biziň ýurtlarymyzyň döwlet edaralarynyň sazlaşykly işlemegi üçin zerur şertleri üpjün etmegine garaşylýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygyň bu guralynyň ygtyýarlyklaryny giňeltmegiň, oňa pudaklaýyn ylalaşyklaryň işlenip taýýarlanylmagyny utgaşdyrmagy tabşyrmagyň maksadalaýykdygyny belledi. Şolaryň hatarynda Hazar deňzinde göni başlangyç çäkleri ýola goýmagyň usuly hakyndaky Ylalaşygyň üstünde işlemegi tamamlamaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Yzygiderli maslahatlar geçiriler

Şeýle hem daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylaryna bäştaraplaýyn gün tertibiniň ähli meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary babatda maslahatlary yzygiderli geçirmek teklip edilýär.

Ençeme ýyllaryň dowamynda Hazarýaka döwletleriň bilermenleri tarapyndan brakonýerlige, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, deňizde ýüzmegiň howpsuzlygyny üpjün etmek, deňizde gözlemek we halas etmek ulgamynda resminamalaryň üstünde iş alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu işe gatnaşyjylaryň ählisine öňde goýlan maksatlara ýetmäge goşýan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirip, ýakyn wagtda bu resminamalaryň üstünde alnyp barylýan işleriň tamamlanjakdygyna ynam bildirdi.

Ykdysady ulgam Hazardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu ulgam köptaraplydyr we ulag, logistika, kommunikasiýalar, energetika, önümçilik taýdan ýakynlaşmak ýaly ulgamlary hem-de beýleki köp ugurlary öz içine alýar. Bu babatda hyzmatdaşlygyň geljegi uly, täze görnüşi — Hazar ykdysady forumyny döretmek hakyndaky çözgüt uly ähmiýete eýedir. Ilkinji şeýle forum 2019-njy ýylyň tomsunda Türkmenbaşy şäherinde geçirildi. Şonda kabul edilen çözgütler we ylalaşyklar Hazarda hojalyk işini strategik taýdan meýilleşdirmek üçin ygtybarly binýada öwrüldi, onuň geljegini kesgitledi. Gürrüň, ilkinji nobatda, ulag barada barýar.

Hazar – «Mümkinçilikleriň deňzi»

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag akymlarynyň baglanyşdyryjy merkezi hökmünde Hazar deňziniň «Mümkinçilikleriň deňzi» diýlip atlandyrylmagynyň hakykatdan daş däldigini belledi hem-de geljekde Hazaryň şeýle ähmiýetiniň has-da artjakdygyna ynam bildirdi. Şoňa görä-de, kenarýaka ýurtlara port düzümini gurmak we döwrebaplaşdyrmak, Hazar sebitini harytlaryň hem-de hyzmatlaryň halkara akymlary üçin oňaýly, döwrebap, amatly giňişlige öwürmek üçin durnukly, ygtybarly we netijeli logistika ulgamyny kemala getirmek babatda uly işler garaşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady hem-de syýasatdan azat bolan konýunkturanyň zerurdygyny aýratyn nygtady.

Geljege jogapkärli hem-de öňdengörüjilikli garamak möhümdir: ählumumy syýasatdaky häzirki çylşyrymlylyklar we gapma-garşylyklar bilen baglylykda, Hazarýaka ýurtlara umumy maksatlara hem-de umumy ykbala düşünmekde bitewüligi saklap galmak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky hökümetara Ylalaşygyň güýje girmegine kanagatlanma bildirýär.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, halkara işewürligiň, maliýe edaralarynyň Hazar sebitine uly üns hem-de gyzyklanma bilen garaýandygyna, onuň kuwwatyna we geoykdysady gymmatyna düşünýändigine ynam bildirdi. Telekeçilik üçin oňat şertleri döretmek, ony zerur bolmadyk, köp halatlarda bolsa, könelişen bökdençliklerden azat etmek, Hazary möhüm we uzak möhletli maýa goýumlar babatda özüne çekiji ýere öwürmek üçin bizde ähli mümkinçilikler bar. Umuman, Hazar deňziniň ulag ähmiýeti barada aýtmak bilen, biz ony Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegiň aýrylmaz bölegine öwürmek babatda öňümizde uly we anyk maksady ynamly goýup bileris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Hazarda önümçilik taýdan ýakynlaşmagy hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň hatarynda kesgitläp, biziň ýurtlarymyzyň uly tebigy serişdelere, berk senagat we tehnologik kuwwata eýedigini belledi. Şol serişdeleriň we kuwwatyň birleşdirilmegi, hyzmatdaşlygyň önümçilik ulgamlarynyň, “Ýakynlaşmak geçelgeleriniň” döredilmegi wajyp mesele bolup durýar. Şunda hususy işewürlik möhüm orun eýelemelidir. Hazarýaka ýurtlaryň maksatnamalaýyn işewürlik forumlaryna badalga bermek zerurdyr. Olaryň barşynda biziň telekeçilerimiz göni gatnaşyk edip, amatly we maksadalaýyk ugurlarda hyzmatdaşlygyň ýollaryny özbaşdak kesgitläp bilerdiler. Şunuň bilen baglylykda, özbaşdak, döwlete dahylsyz ulgam hökmünde Hazarýaka ýurtlaryň işewür hyzmatdaşlygynyň Geňeşini, ysnyşykly hyzmatdaşlyk üçin binýady döretmegiň üstünde işlemek teklip edilýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak biziň umumy möhüm maksadymyz bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanyň garaýşy anyk kesgitlenendir we üýtgewsizdir: ähli ykdysady we önümçilik işi deňziň ekologik howpsuzlygy bilen berk bagly bolmalydyr, tebigaty goramak babatda ykrar edilen dünýä standartlaryna laýyk gelmelidir. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň döredilen gurallarynyň sazlaşykly işine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Hazarda ylmy barlaglary geçirmek hakyndaky Ylalaşygy işläp taýýarlamak boýunça başlangyjy bu ugurda bilelikdäki işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistan Hazar ekologiýa maksatnamasynyň döredilmegini teklip edýär

Türkmenistan eýýäm Hazaryň baý tebigy serişdeleriniň rejeli ulanylmagyny üpjün etmek boýunça tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy hökmünde täze Hazar ekologiýa maksatnamasyny döretmek pikiri bilen çykyş etdi. Biz şu mesele boýunça işjeň gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyrys hem-de Hazarýaka ýurtlaryň hemmetaraplaýyn goldawyna umyt edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň giňişligi hökmünde Hazar deňzi barada aýtmak bilen, biz ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we şu babatda koronawirus pandemiýasy döwründäki takyk, sazlaşykly işi nygtady. Şu çylşyrymly döwürde Hazarýaka döwletler birleşdiler, raýdaşlygyň we birek-birege ýardam bermegiň aýdyň nusgasyny görkezdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurtlaryň Prezidentlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistan medeni gatnaşyklary ösdürmek we giňeltmek ugrunda çykyş edip, medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky bäştaraplaýyn ylalaşygy işläp taýýarlamaga girişmegi teklip edýär.

Dynç alynýan ýer hökmünde Hazaryň, onuň kenarýakasynyň uly kuwwatynyň bardygyny nazara almak bilen, ýurdumyz syýahatçylyk pudagynda we gämide syýahat etmek ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek boýunça başlangyçlary goldaýarys.

Türkmenistan umumyhazar gepleşiklerine işjeň gatnaşmak bilen, bu işe mundan beýläk-de öz goşandyny goşmaga, ähli meseleleri gyzyklanma bildirip, ara alyp maslahatlaşmaga we olar boýunça ylalaşykly çözgütleri tapmaga taýýardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Biziň ýapyk ýa-da oňaýsyz meselelerimiz ýokdur, biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde geljekki ylalaşyklary gazanmaga, Hazar gün tertibiniň anyk ugurlary boýunça özara gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyrys.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşyklaryň hoşniýetlilik, özara ynanyşmak ýagdaýynda geçýändigini aýratyn nygtady. Hazarýaka döwletleriň sammitleri sebit hem-de dünýä syýasatynyň anyk we täsirli şertine öwrüldi, olaryň diňe bir gatnaşyjylar üçin däl, eýsem, beýleki ýurtlar üçin hem wajypdygy äşgärdir.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentlerine Hazarda hoşniýetli goňşuçylygy we hyzmatdaşlygy ösdürmek işine goşýan uly şahsy goşantlary üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ylalaşyklar Hazar deňzini halkara iri ulag merkezine öwürmek üçin oňat esasy döredýär

Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe söz berildi. Dostlukly döwletiň Baştutany bildirilen myhmansöýerlik hem-de altynjy Hazar sammitiniň ýokary derejede guralandygy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, şu gezekki duşuşygyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň doglan güni bilen gabat gelýändigini belledi. Prezident Ilham Aliýew hut öz adyndan we Azerbaýjanyň halkynyň adyndan Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, goňşy ýurduň Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlanylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady we täze taryhy döwürde Türkmenistanyň uly üstünlikleri gazanjakdygyna ynam bildirdi.

Azerbaýjan Hazarda döwletara gatnaşyklara uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman 2018-nji ýylda Aktau şäherinde gol çekilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň taryhy zerurlygyny hem-de onuň çalt güýje girmeginiň ähmiýetini belledi. Munuň özi geljekde hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen has netijeli çäreleri görmek üçin ygtybarly hukuk esasyny döreder.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Prezident Ilham Aliýew Hazarda bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň berkidilýändigini, dürli ulgamlarda birnäçe ylalaşyklara gol çekilendigini we olaryň güýje girendigini belledi. Hyzmatdaşlyk boýunça täze resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak başlangyjy öňe sürüldi. Şol resminamalara ýakyn wagtda garalar we olar taýýar bolan ýagdaýynda gol çekiler. Şeýle hem ikitaraplaýyn we üçtaraplaýyn görnüşde Hazar deňziniň düýbüni bellemek hakyndaky degişli şertnama baglaşyldy.

Hazarýaka ýurtlaryň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň hem-de beýleki abraýly sebitleýin we halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk Hazar deňzinde durnuklylygyň, howpsuzlygyň möhüm şertleri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, biziň döwletlerimiziň özara hormat goýmakda we ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almakda esaslanýan gatnaşyklarynyň ösdürilýändigi bellenildi. Hazar sebitiň halklarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ençeme halkara we sebitleýin taslamalaryň esasy merkezleriniň biri bolup durýar.

Ulag düzümini ösdürmek, degişli hyzmatlaryň we multimodal gatnawlaryň hilini kämilleşdirmek hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary bolup durýar. Bu ulgamda Hazarýaka döwletleriň arasynda baglaşylan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ylalaşyklar Hazar deňzini ösen düzümli halkara iri ulag merkezine öwürmek üçin oňat esasy döredýär. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, belent mertebeli myhman ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgelerini ösdürmek meselelerinde Azerbaýjanyň işjeň orun eýeleýändigini tassyklady. Azerbaýjan tarapynyň Hazarüsti halkara ulag ugruny netijeli ulanmak boýunça ähli tagallalary edýändigi bellenildi. Bu ugur şu ulgamda sebitiň döwletiniň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berer we ugurdaş düzümi ösdürmek boýunça täze taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam eder.

Deňiz gurşawyny goramak boýunça maslahat geçiriler

Şeýle hem Azerbaýjan Hazar deňziniň ekologik meselelerini çözmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär. Hazaryň suw biologik serişdelerini aýawly saklamak, rejeli ulanmak baradaky toparyň çäklerinde Hazarýaka döwletleriň üstünlikli gatnaşyklary dowam etdirilýär. Şu ýylyň ahyrynda Bakuwda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň taraplarynyň altynjy maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Ilham Aliýew şu gün gysga düzümdäki duşuşykda uly ähmiýete eýe bolan Hazar meseleleri boýunça pikir alşylandygyny belledi. Taraplaryň wekiliýetleri tarapyndan degişli ýörite bilermenler toparlaryny döretmek babatda bu ugurda işler dowam etdiriler.

Çykyşynyň ahyrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutany türkmen tarapyna sammitiň ýokary derejede guralandygy üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, bu duşuşygyň Hazarýaka döwletleriň möhüm umumy wezipeleri çözmäge gönükdirilen tagallalaryny utgaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz çuň manyly çykyşy we gutlaglary üçin Prezident Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirip, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä söz berdi.

Hazar – dostluk gatnaşyklarynyň merkezi

Eýranyň Lideri Hazarýaka döwletleriň Baştutanlaryny mübärekläp, türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdy.

2018-nji ýylda geçirilen sammitden bäri bilelikde uly işler amala aşyryldy, kenarýaka ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ygtybarly hukuk binýadyny döreden dürli resminamalar taýýarlanyldy diýip, Eýranyň Baştutany aýtdy.

Bu gün taraplaryň arasynda özara düşünişmek, kesgitlenen maksatlar, başlanan ýoly dowam etdirmek üçin aýdyň geljek bar. Bularyň hemmesi utgaşykly alnyp barlan işleriň, Hazar deňzinde gatnaşyklaryň möhüm meselelerini çözmekde ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak bilen, oýlanyşykly çemeleşmäniň, öňdengörüjiligiň netijesidir.

Hazar deňzi biziň umumy deňzimizdir, dostluk gatnaşyklarynyň merkezidir, goňşy halklar üçin bereket çeşmesidir diýip, Prezident Seýed Ebrahim Raisi sözüni dowam etdi. Bu topraklarda ýaşan pederlerimiz özboluşly medeniýeti döretdiler we ösdürdiler.

Şunuň bilen baglylykda, kenarýaka ýurtlaryň medeni taýdan ýakynlaşmagynyň döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadygy bellenildi. Eýranyň Baştutany çykyşynyň dowamynda halklarymyzyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmalydygyny nygtap, geljekde bu ugurda bilelikdäki ýörite maksatnamalary durmuşa geçirmegi teklip etdi.

Daşky gurşawy goramak, milli ykdysadyýetleri ösdürmek maksady bilen, Hazar deňziniň bioserişdelerini hem-de gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryny rejeli peýdalanmak meselelerinde goňşy ýurtlaryň ägirt uly jogapkärçiligine, şeýle hem doganlyk halklaryň rowaçlygyny ýokarlandyrmak, sebitde howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine aýratyn üns çekildi.

Şunda birek-biregiň hukuklaryna we bähbitlerine hormat goýmagyň, Hazar deňzindäki hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça gepleşiklerde ylalaşyk gazanmagyň wajypdygy nygtaldy. Bu ýörelge ugur görkeziji bolmak bilen, onuň kömegi arkaly kenarýaka döwletleriň özara bähbitlerini üpjün etmegiň binýady goýulýar.

Şeýle hem Eýran Lideri Hazarýaka döwletleriň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge, onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilen, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetini belledi.

Prezident Seýed Ebrahim Raisi kenarýaka ýurtlaryň Hazar deňziniň meseleleriniň ähli ugurlary boýunça uzak möhletleýin bähbitleri barada aýtmak bilen, ulag, söwda, bioserişdeleri dolandyrmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek we beýleki ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Şeýle hem Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň 2018-nji ýylda geçirilen bäşinji sammitiniň jemleri boýunça kabul edilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Köpýyllyk gepleşikleriň netijesi bolan bu möhüm resminama sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Çykyşynyň dowamynda belent mertebeli myhman Eýran Yslam Respublikasynyň özüniň çäk taýdan ýerleşişini hem-de degişli amatly şertleri nazara almak bilen, Hazarýaka döwletleriň beýleki ýurtlara çykmagy, şeýle hem üstaşyr geçmegi üçin binýady döretmäge taýýardygyny tassyklady.

Elektrik energiýasynyň, gazylyp alynýan baýlyklaryň we beýleki dürli isleg bildirilýän önümleriň eksporty Hazar deňzindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzaldy. Prezident Seýed Ebrahim Raisi Eýran bilen sebitiň döwletleriniň arasynda gowy ylalaşyklaryň gazanylandygyny aýdyp, bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanylmagynyň bäş dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze döwrüni açýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Hazar deňzi hyzmatdaşlygyň deňzi bolup, häzirki döwürde onuň ähmiýeti has-da artýar. Utgaşdyrylan bäştaraplaýyn hyzmatdaşlyk goňşy ýurtlaryň ykdysady abadançylygyna, halklaryň rowaçlygynyň ýokarlandyrylmagyna, sebitde howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine ýardam bermelidir. Bu garaýyş ulag, maýa goýumlar, syýahatçylyk we ykdysady hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary boýunça hem-de medeniýet ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, bäş Hazarýaka döwletleriň Liderleriniň öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýan Eýran Yslam Respublikasynyň garaýyşlarydyr diýip, belent mertebeli myhman belledi.

Prezident Seýed Ebrahim Raisi Hazar deňziniň halklarymyzy ýakynlaşdyrýan parahatçylyk hem-de dostluk deňzidigini nygtap, çykyşynyň ahyrynda şu gezekki duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin ýene-de bir gezek hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi we duşuşyga gatnaşyjylara sebitiň ýurtlarynyň abadançylygyna gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Eýran Liderine çykyşy hem-de Hazarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada beýan eden pikirleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Aktau sammiti çylşyrymly meseleleri diňe parahatçylykly ýol arkaly çözmäge ukyplydyr

Soňra Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe söz berildi. Ol çykyşynyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ajaýyp şäher Aşgabatda bildirilen myhmansöýerlik hem-de sammitiň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Şeýle hem Gazagystanyň Lideri şu duşuşygyň Türkmenistanyň ajaýyp döwlet işgäri Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň doglan güni bilen gabat gelendigini belledi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň nygtaýşy ýaly, şu gün ol Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlady we ony Gazagystan Respublikasynyň ýokary sylagy — “Altyn Bürgüt” ordeni bilen sylaglady.

Ilkibaşdan Gazagystanyň türkmen dostlarynyň bu möhüm bäştaraplaýyn duşuşygy hut ýüzbe-ýüz görnüşde geçirmegiň zerurdygy baradaky garaýyşlary bilen raýdaş bolandygy nygtaldy. Häzirki şertlerde Hazaryň geostrategik ýerleşişi, baý tebigy serişdeleriniň bardygy hem-de täsin üstaşyr kuwwata eýedigi bilen baglylykda, onuň ähmiýeti has-da artýar.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň belleýşi ýaly, Aktau sammiti halkara bileleşige Hazarýaka döwletleriň çylşyrymly meseleleri diňe parahatçylykly ýol arkaly, hakyky hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk ruhunda çözmäge ukyplydygyny görkezdi. Köpýyllyk gepleşiklerden soň, Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu Konwensiýa bäştaraplaýyn gatnaşyklary toplumlaýyn ösdürmegiň berk binýadyny goýdy.

Ilkinji iş topary Aşgabatda döredildi

Hut şu ýerde, Aşgabatda 1996-njy ýylda daşary işler ministrleriniň maslahatynda gepleşiklere resmi taýdan badalga berlendigi hem-de ýörite iş toparynyň döredilendigi bellärliklidir. Ýokary derejedäki birinji duşuşyk hem 2002-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçirildi. Netijede, 2018-nji ýylda ýokarda agzalan esasy hem-de köpugurly resminama gol çekildi diýip, Gazagystan Respublikasynyň Baştutany nygtady.

Hazar diňe bir ägirt uly peýdaly serişdeleriň jemlenen ýeri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, giň mümkinçilikleriň deňzidir. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman Gazagystanyň Hazarýaka ýurtlaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak maksady bilen, mundan beýläkki hyzmatdaşlyga çemeleşmeleri babatda garaýyşlaryny beýan etdi.

Ýokarda agzalan Konwensiýanyň çalt güýje girmegini üpjün etmek, durnukly ösüşiň hem-de Hazarýaka döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde ulag aragatnaşygyny berkitmek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, ýük daşamakda Hazarüsti halkara ulag ugrunyň artýan orny bellenildi.

GazagystanTürkmenistanEýran demir ýolunyň mümkinçiliklerinden has giňişleýin peýdalanyp bolar

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew degişli guramaçylyk meselelerini bilelikde, çalt çözmegiň möhümdigini aýdyp, geljegi uly “Demirgazyk — Günorta” geçelgesine mundan beýläk-de aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Munuň üçin Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň mümkinçiliklerinden has giňişleýin peýdalanyp bolardy. Bu ýol Günorta Aziýanyň we Pars aýlagynyň ýurtlarynyň arasynda iň gysga ugur bolup durýar.

Hazar sebitiniň ykdysady we üstaşyr ulag kuwwatyndan has netijeli peýdalanmagyň, şol sanda täze halkara bazarlara çykmagyň, hereket edýän hem-de geljegi uly ugurlary ösdürmekde bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň maksadalaýykdygy bellenildi.

Gazagystanyň Lideri çykyşynda sebitde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi barada-da durup geçip, kenarýaka döwletleriň söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin döwrebap logistika düzümini yzygiderli ösdürmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystanyň Hazarýaka azyk ulgamyny döretmek baradaky teklibi beýan edildi. Munuň özi özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Hazaryň ekologiýa ulgamynyň we tebigy gurşawynyň aýawly saklanylmagyny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Hazar deňziniň kenarýakasynyň millionlarça ýaşaýjylarynyň ykdysady ösüşi we abadançylygy bu möhüm wezipe bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzinde biologik serişdelere bikanun eýe bolmaga garşy göreşmegiň wajypdygyna üns çekildi.

Mundan başga-da, adatdan daşary ýagdaýlarda öňüni alyş çäreleriniň, onuň netijelerini aradan aýyrmagyň hem-de birek-birege kömek bermegiň sebit guralyny yzygiderli ösdürmegiň zerurdygy bellenildi. Şolaryň howplary tehnogen we tebigy ýagdaýlar bilen şertlendirilendir.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Hazar deňziniň gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň Sekretariatyny (Tähran Konwensiýasy) döretmäge we degişli resminamanyň taslamasyny ylalaşmaga degişli meseleleriň çözülmegini çaltlandyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Gazagystanyň Baştutany Hazarýaka ýurtlaryň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy meselesine degip geçip, bu ugurda has ysnyşykly aragatnaşyklary höweslendirmek boýunça anyk çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belledi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Hazar hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça şu gün beýan edilen başlangyçlaryň ýokary hilli we öz wagtynda durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirip, Gazagystanyň biziň umumy bazarymyzyň hem-de ata-babalarymyzyň mirasynyň — Hazaryň hemişe parasatly we sahawatly, dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň deňzi bolmagy ugrunda çykyş edýändigini nygtady.

Gazagystan Respublikasynyň Baştutany hoşniýetli erk-islegiň hem-de özara meýilleriň netijesinde, biziň halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň rowaçlyklarynyň hem-de ösüşiniň bähbidine bu asylly maksada ýetiljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe çuň mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine söz berdi.

Russiýa bilen Hazarýaka ýurtlaryň arasyndaky söwdanyň möçberi artýar

Dostlukly döwletiň Baştutany Hazar sammitine gatnaşyjylary mübärekläp, Russiýanyň syýasatda, howpsuzlyk babatda, ykdysadyýet, tebigaty goramak ulgamlarynda Hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak ugrunda çykyş edýändigini nygtady.

Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýada kesgitlenen ugurlaryň berjaý edilmegi sebitiň rowaçlygynyň kepili bolup durýar. Hazarýaka ýurtlar Hazary saklamak, sebitde durnukly ösüşi pugtalandyrmak babatda häzirki we geljekki nesilleriň öňünde jogapkärçilik çekýär diýip, Prezident Wladimir Putin sözüni dowam etdi.

Sebitleýin söwda-maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek, özara bähbitli senagat we ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Russiýa bilen Hazarýaka ýurtlaryň arasyndaky söwdanyň möçberi barha artýar. 2021-nji ýylda bu ugurdaky haryt dolanyşygy 35 göterim köpelip, ol ABŞ-nyň 34 milliard dollaryna barabar boldy. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda bu görkeziji 12,5 göterime deň boldy. Şunuň bilen baglylykda, şu gün 65 ýaşyny dolduran we biziň gutlaglarymyzy kabul eden hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen Hazar ykdysady forumyna möhüm orun degişlidir diýip, Russiýanyň Lideri nygtady.

Şunuň ýaly möhüm çäräniň ilkinjisiniň 2019-njy ýylda Türkmenbaşy şäherinde geçirilendigini, ikinji forumyny bolsa şu ýyl Moskwada geçirmegiň meýilleşdirilýändigini belläp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bu teklibi goldandyklary üçin kärdeşlerine hoşallyk bildirdi.

Hazarýaka ýurtlarda energetika ulgamyndaky özara gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Häzirki döwürde Hazaryň giňişligindäki nebit we gaz känlerini bilelikde ulanmak hakyndaky ylalaşyklar durmuşa geçirilýär. Munuň özi taraplaryň bähbitlerini nazara alyp, Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryndan oýlanyşykly we rejeli peýdalanmaga, şol sanda däp bolan ugurlarda we energetikany täzeçil usullarda özleşdirmäge mümkinçilik berer.

“Demirgazyk — Günorta” halkara ulag geçelgesiniň ähmiýeti

Biziň pikirimizçe, sebitiň ulag-logistika düzümini gowulandyrmak üçin köp işler edilmelidir. Ilkinji nobatda, gürrüň “Demirgazyk — Günorta” halkara ulag geçelgesini ýola goýmak barada barýar. Munuň özi Sankt-Peterburgdan Eýranyň we Hindistanyň portlaryna çenli 7 müň 200 kilometr aralygy öz içine alýan giň möçberli taslamadyr diýip, Prezident Wladimir Putin belledi.

Onuň aýtmagyna görä, bu geçelgäniň işe girizilmegi geçen ýyl Hazarýaka döwletleriň arasynda baglaşylan ulag babatda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň güýje girmegini üpjün eder. Ol Hazar deňziniň çägini iri halkara logistika merkezine öwrer.

Şeýle hem Russiýa tarapy bu ugurda zerur tagallalary edýär. Hazar sebitinde milli deňiz portlaryny ösdürmegiň Strategiýasy kabul edildi we durmuşa geçirilýär. Şeýle hem 2030-njy ýyla çenli oňa demir ýol we awtomobil ugurlary birikdiriler. Hazarda degişli düzümiň gerimi giňeldilýär. Astrahan, Olýa we Mahaçkala portlaryna möhüm üns berilýär.

Ykdysady ugurdan başga-da, bäş döwletiň arasynda ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, Hazar deňzini, onuň tebigy serişdelerini saklamak meseleleri hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Bu pikiri doly makullap, sebitiň halklarynyň durmuşyna we abadançylygyna ýaramaz täsiri boljak tebigy hem tehnogen ýagdaýlara gyssagly seslenmek boýunça bilelikdäki mümkinçiligi artdyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtamak isleýärin. Olaryň hatarynda suw howdanlarynyň hapalanmagy, bekre balyklarynyň görnüşleriniň sanynyň azalmagy ýaly ýaramaz ýagdaýlar bar diýip, Russiýa Federasiýasynyň Baştutany aýtdy.

Prezident Wladimir Putiniň pikirine görä, deňziň ekoulgamyny has rejeli saklamak üçin 2003-nji ýylda kabul edilen we Hazar deňziniň gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Tähran Konwensiýasynyň esasyny düzýän degişli şertnamalaýyn-hukuk binýadyny döretmek işini tamamlamak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda bu Konwensiýa boýunça maslahaty guramak teklip edildi.

Şeýle hem Russiýa deňizde ýüze çykýan ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almak, terrorçylyga we guramaçylykly jenaýatlara garşy göreşmek ýaly möhüm ugurlar boýunça gol çekilen resminamalaryň herekete girizilmegini çaltlandyrmagy teklip edýär. Deňizde howpsuz ýüzüşi amala aşyrmak, halas ediş işini güýçlendirmek, ylmy işleri alyp barmak, brokonýerlige we neşe söwdasyna garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda täze bäştaraplaýyn ylalaşygyň taslamalaryny işläp taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işleriň çaltlandyrylmagy möhümdir.

Hazar kinoforumynyň geçirilmegi teklip edilýär

Dostlukly ýurduň ýolbaşçysy medeni, bilim, sport, syýahatçylyk we ýaşlary özara alyşmak meselelerini berkitmäge möhüm üns bermelidigini belläp, Medeniýet ministrliklerine ähli kenarýaka ýurtlaryň milli buýsanjy bolan halyşynaslygy bir ýere jemlemek we olaryň göçme sergilerini ýa-da tutuş sebit boýunça festiwallary guramak meselelerini işläp taýýarlamagy tabşyrmagy teklip etdi. Öz gezeginde, Russiýanyň kinematografiýaçylar birleşigi Hazar kinoforumyny geçirmegi teklip edýär. Bu hem örän bähbitli ýörelge bolup biler.

Sebitde syýahatçylygy işjeňleşdirmegiň we ösdürmegiň zerurdygyna üns berildi. Munuň özi biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna kömek eder. Russiýanyň Lideri geljek ýylda Astrahan oblastynda Hazar deňzinde ilkinji “Pýotr Perwyý” uly göwrümli syýahatçylyk gämisiniň ulanyşa giriziljekdigini aýdyp, Hazar deňzi boýunça syýahatçylygyň ýola goýulmagynyň Hazarýaka döwletleriň baý taryhy däpleri, medeni mirasy bilen tanyşmaga, ajaýyp ýerlere baryp görmäge, medeni-aň bilim çärelerine gatnaşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Wladimir Putin çykyşynyň ahyrynda türkmen tarapyna we hut hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bu gezekki duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hoşallyk bildirdi we Hazar sebitiniň durnukly ösüşiniň, onuň kenarynda ýaşaýan adamlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň Hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady hem-de Russiýanyň bu çärelere işjeň gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putine çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Hazar “bäşliginiň” çäklerinde öňde goýlan maksatlara ýetmekde Russiýa Federasiýasynyň ornunyň hemişe möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz duşuşygy jemläp, daşary ýurtly kärdeşlerine, ähli wekiliýetlere iş ýüzünde anyk netijeleri gazanmaga çalyşýandyklary hem-de sammitiň barşynda beýan eden gymmatly pikirleri we teklipleri üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Altynjy Hazar sammitiniň jemleri boýunça degişli Beýanat kabul edildi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme

Ýokary derejedäki bäştaraplaýyn Aşgabat duşuşygynyň netijeleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň

wekillerine ýüzlenmede beýan edildi. Bu ýüzlenme bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş etdi.

Bellenilişi ýaly, ýaňyja öz işini tamamlan Hazarýaka döwletleriň altynjy sammiti netijeli, işjeň ýagdaýda, hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak, hormat goýmak we açyklyk ruhunda geçdi. Bäş ýurduň Liderleriniň arasynda Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça jikme-jik we gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Ozal kabul edilen çözgütleriň we ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi seljerildi, geljekki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Hazar sebitinde pugta parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, Hazarda ynanyşmak çärelerini durmuşa geçirmek üçin tagallalary we mümkinçilikleri birleşdirmäge, munuň üçin toplumlaýyn syýasy-hukuk binýadyny döretmäge taýýardyklaryny we berk ygrarlydyklaryny tassyklandyklary nygtaldy.

Habar berlişi ýaly, duşuşygyň barşynda Hazar deňzinde ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine uly üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmegiň yzygiderliligi kanagatlanma bilen bellenildi.

Ençeme resminamalaryň üstünde işler alnyp barylýar, taraplar Hazarda işiň möhüm ugurlary boýunça bäştaraplaýyn ylalaşyklary we teswirnamalary çalt tamamlamak hem-de olara gol çekmek maksady bilen, bu işi işjeňleşdirmegiň zerurdygy bilen ylalaşdylar. Bu babatda ýokary derejedäki iş toparyna möhüm orun degişlidir. Onuň düzümine kenarýaka ýurtlaryň ählisiniň ygtyýarly wekilleri girýärler.

Hazar sebitiniň artýan bioykdysady ähmiýeti bilen baglylykda, kenarýaka ýurtlaryň ulag, logistika, kommunikasiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmäge çalşylýar. Bu hyzmatdaşlyk Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Hazary iri halkara transkontinental hyzmatdaşlyk merkezine, şu ugurlar boýunça harytlaryň we hyzmatlaryň akymlary üçin baglanyşdyryjy halka öwürmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda Hazarýaka döwletler tarapyndan port düzümini gurmak, gatnawlaryň logistik ulgamlaryny, ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ugurlaryny döretmek boýunça tagallalar edilýär. Geljekde bu işe uly üns berler.

Sammitiň barşynda kenarýaka ýurtlaryň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň we giňeltmegiň, haryt dolanyşygyny artdyrmagyň, önümçilik taýdan has ysnyşykly ýakynlaşmagyň zerurdygy hem nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, şu gün Türkmenistan hususy işewürligi alyp barmak, telekeçilik başlangyçlary üçin özbaşdak binýat hökmünde Hazarýaka döwletleriň işewür hyzmatdaşlygynyň Geňeşini döretmek baradaky teklip bilen çykyş etdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri tarapyndan Hazarýaka döwletleriň arasynda ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen anyk teklipler we başlangyçlar beýan edildi.

Ekologiýa, tebigaty goramak, Hazaryň biologik serişdelerini aýawly saklamak hem ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleler boldy. Şu ugurlar boýunça eýýäm hyzmatdaşlygyň gurallary döredildi, olaryň has sazlaşykly we netijeli işlemegi üçin wezipeler kesgitlenildi.

Hazarýaka ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylygyň taryhy ençeme asyrlardan gözbaş alýar. Şu döwürde özara gatnaşyklaryň özboluşly, köp babatda täsin tejribesi toplanyldy. Taraplar şu gatnaşyklary pugtalandyrmak we baýlaşdyrmak, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek, medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mundan beýläk-de şertleri döretmek barada ylalaşdylar.

Umuman, şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň barşyna we many-mazmunyna ýokary baha berildi. Oňa gatnaşyjylaryň oňyn meýilleri, umumy döredijilikli maksatlara ygrarlylygy Hazar deňzinde ysnyşykly hyzmatdaşlygyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Şeýle hem şu sammitiň guralyşy babatda döwletleriň ýolbaşçylarynyň tüýs ýürekden hoşallygy beýan edildi.

Kenarýaka ýurtlaryň Liderleri tarapyndan ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşyklary yzygiderli dowam etdirmegiň zerurdygy we peýdalydygy tassyklanyldy. Olaryň her biri biziň halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmak, bilelikdäki ägirt uly kuwwaty ýüze çykarmak we durmuşa geçirmek işine saldamly goşant goşýar.

Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.

Altynjy Hazar sammitiniň maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreler tamamlanandan soň, belent mertebeli myhmanlar türkmen paýtagtyndan ugradylar.