Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy bilen ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgam ykjam ornaşdyrylýar. Munuň özi biziň her birimiziň wagtymyzy tygşytlamaga, iş öndürjiligini artdyrmaga şert döredýär. Häzirki wagtda el telefonlarynyň, ýankompýuterleriň kömegi bilen islendik ýerde, islendik wagtda ýol peteklerini satyn almak, dürli tölegleri tölemek, gazet-žurnallara ýazylmak we okamak, täzelikler bilen tanyşmak mümkin. Bu bolsa sanly ulgamyň biziň durmuşymyza ymykly ornaşýandygyny görkezýär. Şu günler 2026-njy ýylyň II ýarym ýyllygyna abuna ýazylyşygy dowam edýär. Elektron abuna ýazylyşygyna ykjam el telefonlarda belli programmalaryň üsti bilen ýazylmak mümkin. “Zaman-Türkmenistan” gazetiniň çap edilýän görnüşine abunaçylaryň köpdügini bellemek bolar. Çünki gazetiň çap edilýän hem-de elektron görnüşinde diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň täzelikleri giňden beýan edilýär. Gazetiň habarlar, edebiýat, dünýä täzelikleri, okaň, dynç alyň, çagalar dünýäsi, güýmenje, sport, sungat ýaly bölümlerinde gyzykly, manyly makalalary, täzelikleri okamak mümkin. Gazetde peýdaly maslahatlar, krosswordlar, skanwordlar yzygiderli çap edilýär. Munuň özi her bir okyjynyň wagtyny gyzykly, mazmunly geçirmäge uly mümkinçilik berýär. “Zaman-Türkmenistan” gazetiniň üsti bilen türkmen, rus we iňlis dillerinde gazeti okamak juda amatly. Gazetiň elektron görnüşinde “Zehin synagy” bölüminde dürli sowallaryň ýerleşdirilmegi öz bilimiňi kämilleşdirmekde aýratyn uly orun tutmak bilen boş wagtyňy peýdaly geçirmek mümkin. Neşiriň esasy aýratynlygy ösüp gelýän ýaş nesillerimiz üçin gyzykly güýmenjeler bölüminde şekilli ertekileriň, gyzykly elektron kitaplaryň, krosswordlaryň yzygiderli çap edilmegidir. Bu bolsa Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekligine uly mümkinçilik berýär.
Ähli watandaşlarymyzy “Zaman-Türkmenistan” gazetiniň elektron we çap edilýän görnüşine 2026-njy ýylyň II ýarym ýyly üçin abuna ýazylmaga çagyrýaryn. Gazetiň elektron we çap edilýän görnüşleri bilen boş wagtyňyz manyly, mazmunly we gyzykly geçer.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.