ABŞ-nyň Aerokosmos edarasynyň (NASA) Jeýms Webb adyndaky kosmos teleskopy kosmos giňişliginiň iň uzakdaky suratyny aldy. NASA suratyň häzirki wagtda gaýtadan işlenýändigini we gysga wagtdan köpçülige ýetiriljekdigini mälim etdi. häzire çenli kosmos giňişliginiň iň çuň ýerinden alnan surat Uly partlaýyşdan 330 million ozalky ýyly görkezýär.
Jeýms Webb teleskopy Ýerden 1,5 million kilometr uzakda Günüň daşyndan aýlanýar. 10 milliard taslamanyň çäklerinde işlenip taýýarlanan kosmos teleskopy geçen ýylyň dekabrynda uçurylypdy. Teleskopyň äpet birinji aýnasy we infragyzyl şöhlelerine duýgur tozanyň hem gazyň içinden geçmegine mümkinçilik berýän enjamlary arkaly ozalky teleskoplaryň ählisinden has uzakdaky suratlary düşürip bilýär. Taslamanyň ýolbaşçylary teleskopyň Gün ulgamyndaky asman jisimlerin we beýleki ýyldyzlaryň orbitalarynda aýlanýan planetalaryň atmosferalaryny açyp, biziň planetamyzyňka meňzeşdigini ýa-da däldigini öwrenmäge mümkinçilik berjekdigini belleýärler.
Agadöwran Klyçow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby