“Tottenham” braziliýaly ýyldyzy transfer etdi

101

“Premier Liganyň” güýçli klublaryndan “Tottenham” topary dowam edýän transfer möwsümindäki 4-nji transferini amala aşyrdy. Demirgazyk londonlylar “Ewertonyň” braziliýaly ýyldyzy Rişarlisony transfer etdi. “Tottenham” topary bu transfer üçin “Ewertona” 50+10 million ýewro berer. Antonio Konteniň tälimçiligindäki klub Rişarlison bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Rişarlison bilen Londonyň beýleki klublary “Çelsi” bilen “Arsenal” hem içgin gyzyklanýardy. 2018-nji ýylda “Watforddan” “Ewertona” geçen Rişarlison liwerpullylaryň düzüminde 152 oýunda 53 gol geçirdi.
“Tottenham” topary Rişarlisondan öňem horwatiýaly winger Iwan Perişiçi, iňlis derwezeçisi Forster Freýzeri hem-de malili ýarymgoragçy Iwes Bissumany düzümine goşupdy.