1-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanda ýaşlar syýasaty babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekili, Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekili, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy, şeýle-de institutyň professor-mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlara mahsus bolan
we ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän binýada esaslanýan ýaşlar barada döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilişi barada
aýratyn nygtadylar. Watanymyza, halkymyza ajaýyp milli däp-dessurlarymyza
wepaly, bilim we terbiýe almaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlaryň hünärleri kämil ele almagy, şonuň bilen birlikde, daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmegine uly talap
bildirilýändigi olaryň ýokary hünärli adamlar bolup ýetişmekleri, halkara
giňişlikde Türkmenistana mynasyp wekilçilik edip bilmekleri zerurlygy
barada nygtadylar.
Şeýle-de maslahata gatnaşyjy talyplar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar babatynda alyp barýan syýasatyny goldap,
özleriniň teklipleri bilen çykyş etdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza ýurdumyzda ýaşlaryň kämil derejede ösüp kemala gelmekleri üçin döredip berýän giň mümkinçiliklerine sagbolsun aýtdylar.

Gunça HAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.