Hytaýyň üç sany döwlet awiakompaniýasy “China Southern Airlines”, “Air China” we “China Eastern
Airlines” jemi 37 milliard dollarlyk 292 sany “Airbus A320neo” uçaryny satyn almak üçin şertnama
baglaşylandygyny habar berdi. Bu barada howa gatnawçylarynyň Şanhaý birža gaznasynyň habarynda
mälim edilýär.