5-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň
Türkmenistandaky Ilçisi Metýu Stiwen Klimowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda häzirki zaman halkara we sebit ähmiýetli birnäçe mowzuklar boýunça hem-de, iki döwletiň
arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Özara syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň geljekde has hem berkemeginiň zerurlygyny nygtamak bilen,
söhbetdeşler aýratyn hem howpsuzlyk bilen baglanyşykly birnäçe taslamalara seretdiler. Türkmenistanyň Daşary
işler ministri bilen ABŞ-nyň Ilçisi iki döwletiň arasyndaky syýasy geňeşmeler işiniň netijeliligini mälim edip, bu ugruň
ösdürilmegine taýýardygyny bellediler.
Duşuşygyň dowamynda ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri kesgitlenilip, şol sanda
türkmen-amerikan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer ugurlaryna aýartyn üns berildi. Türkmenistanyň Daşary işler
ministri medeni mirasy gorap saklamak boýunça ABŞ-nyň Ilçiniň Gaznasyna Türkmenistanyň täsin taryhy mirasyny
gorap saklamak boýunça  goşan goşandyna we onuň alyp barýan işine ýokary baha berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn bilim ulgamy boýunça maksatnamany durmuşa geçirmegiň ugurlaryna
giňişleýin seredildi. 
Şeýle-de, söhbetdeşler özara gyzyklanma döredýän sebit hem-de global derejesindäki derwaýys meseleleri
boýunça hem pikirleri alyşdylar.