Britan zyýaratçysy Adem Muhammet 6,5 müň kilometr ýol ýöräp, Mekgä bardy. Ol häzir haja gitmäge taýýarlyk görýär.
52 ýaşly britan zyýaratçysy 11 aý 26 günüň içinde Niderlandlar, Germaniýa, Çehiýa, Wengriýa, Rumyniýa, Bolgariýa, Türkiýe, Liwan, Siriýa we Iordaniýa ýaly ýurtlaryň çäklerinden geçip, Saud Arabystanynyň çägine girdi. Ol günde ortaça, 17,8 kilometri ýol geçip, Mekgedäki Aýşa metjidine baryp ýetdi. Bu ýerde britan zyýaratçysyny ýerli ýaşaýjylar we Londondan haj parzyny amala aşyrmak üçin gelen iki gyzy garşylady.
Adem Muhammet soňky iki ýylyň içinde bütin dünýäde COVID-19 pandemiýasy möwç alanda, Gurhany okandygyny we haj parzyny berjaý etmegi niýet edendigini aýtdy. Britaniýaly haýyr-sahawatçylar oňa hem-de iki gyzyna arzuwlaryny amala aşyrmaga kömek etdiler.