6–njy iýulda paýtagtymyzdaky «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Oguz han adyndaky «Türkmenfilm»
birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Çapar» atly täze kinofilmiň görkezilişi boldy. Oňa ýurdumyzyň zehinli
sungat ussatlary, kinosöýüjiler, žurnalistler we döredijilik işgärleri gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda oňa gatnaşyjylara täze filmiň aýratynlyklary, filmde öňe sürülýän filosofiýa, onuň düşüriliş
pursatlary barada gyzykly maglumatlar berildi. Filmde keşp janlandyran artistleriň hem-de filmiň şowly çykmagy
üçin her bir işe örän jogapkärçilikli çemeleşen kino ussatlarynyň beren gürrüňleri tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.
Režissýor Wepa Işangulyýewiň surata düşüren «Çapar» atly taryhy filmde XVIII asyryň wakalary suratlandyrylýar.
Seljuk döwletiniň begleriniň biri Merwden Dehistana bir gerçek ýigidi synag hökmünde çapar ýollaýar. Çapar ýigit
ýolda gabat gelýän dürli kynçylyklara döz gelmek bilen, özüne bildirilen ynamy ödemekde gujur-gaýratyny
gaýgyrmaýar. Film boýdan-başa çaparyň tutanýerliligi, gaýduwsyzlygy hakynda.
«Çapar» ýurdumyzyň dürli ýerlerinde, ýagny Astanababa, Gökdepe, Nohur, Dehistan ýaly gadymy taryhy ýerlerde
surata düşürilipdir. Filmde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky akademiki Baş drama teatrynyň, Alp Arslan
adyndaky Milli drama teatrynyň artistleri surata düşüpdirler. Olar keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler.
Ertir bolsa «Aşgabat» kinoteatrynda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşülen
«Istärin» atly täze filmiň görkezilişi bolar. Bu filim beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyraga
bagyşlanypdyr. Täze filmiň režissýory Arslan Eýeberdiýew, operatory Pälwan Geldiýewdir.
Mary welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň dowamynda hem bu filmleriň Mary şäheriniň hem-de
golaýyndaky etraplaryň Medeniýet öýlerinde görkezilişi bolupdy.