7-nji iýulda Aşgabatda "Türkmenistan we ÝHHG: üstünlikli hyzmatdaşlyga 30 ýyl" atly maslahat geçirildi.
Maslahat, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan
gurnaldy.
Maslahata ýurdumyzyň ministrlikleriniň, edaralaryň we guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň şeýle hem habar
beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň açylyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid
Meredow Guramanyň üç ölçegi bilen baglanyşykly Türkmenistanyň eýeleýän ornuny we garaýyşlaryny beýan etdi.
Çykyşda, ÝHHG-nyň düzüminde howpsuzlyk derejesini saklamagyň möhüm ugurlaryny, özara ynamy
ýokarlandyrmak we halklaryň arasyndaky dürli medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklaryny we
gepleşikleri ösdürmek nygtaldy.
ÝHHG-nyň Baş sekretary Helga Şmid maslahata gatnaşyjylara eden wideo ýüzlenmesinde: "Bu, ÝHHG bilen
Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň anyk sepgitlerini bellemäge we geljegine seretmäge amatly pursat"
– diýip belledi.
Şeýle hem, ol sebitde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we Hazar deňziniň üsti bilen ykdysady gatnaşyklary
ösdürmek arkaly Türkmenistanyň ÝHHG-nyň sebitinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek ugrundaky
tagallalaryna we goşýan goşandyna ýokary baha berdi.
ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Jon MakGregor: "ÝHHG bilen Türkmenistanyň arasyndaky
hyzmatdaşlyk soňky üç onýyllykda uzak ýol geçdi, ýöne Türkmenistanyň we ÝHHG-nyň ähli sebiti üçin peýdaly
gepleşiklerimizi dowam etdirmek we berkitmek üçin uly mümkinçilikler bardyr", diýip aýdylanlaryň üstüni ýetirdi.
Maslahatyň plenar mejlislerinde howpsuzlyk, ekstremizme we transmilli howplara garşy göreş, ekologiýa we daşky
gurşawy goramak, gender deňligi, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň howpsuzlygy ýaly meseleler we
beýlekiler ara alnyp maslahatlaşyldy.