Se­na­gat taý­dan ösen, ilat ba­bat­da dün­ýä­niň iň uly ýur­dy bo­lan Hy­taý­da bol­sa, ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni­ň üp­jün­çi­li­gi ýyl­sa­ýyn art­ýar. Ýurt­da ener­gi­ýa­nyň sarp edi­li­şi­niň ýo­kar­lan­ma­gy bi­len al­ter­na­tiw çeş­me­le­ri ön­dür­mek has köp hö­wes­len­di­ril­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, bu pu­dak­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tas­la­ma­lar hem az däl. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, soň­ky bir ýyl­da di­ňe Gün şöh­le­sin­den ön­dü­ril­ýän ener­gi­ýa­nyň muk­da­ry iki es­se kö­pe­lip­dir. Şeý­le­lik­de, ge­çen ýyl 77,42 gi­ga­wat ener­gi­ýa Gün pa­nel­le­ri ar­ka­ly ön­dü­ri­lip­dir. Bu gör­ke­zi­ji ýur­duň al­ter­na­tiw ener­gi­ýa­nyň bu gör­nü­şi­niň önüm­çi­li­gin­de hem re­kord go­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Em­ma bu gör­ke­zi­ji ýurt­da sarp edil­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň ba­ry-ýo­gy bir gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­ýär. Mil­li ener­gi­ýa ad­mi­nist­ra­si­ýa­sy­nyň (NEA/Na­tio­nal Ener­gy Ad­mi­nist­ra­ti­on) be­ren be­ýa­na­ty­na gö­rä, Hy­taý öňü­miz­dä­ki üç ýy­lyň do­wa­myn­da Gün pa­nel­le­rin­den 110 gi­ga­wat ener­gi­ýa al­ma­gy mak­sat edin­ýär. Şeý­le­lik­de, 2030-njy ýy­la çen­li Gün­den alyn­ýan ener­gi­ýa ýurt­da sarp edil­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň 20 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­ti­rer.
Ýurt­da ener­gi­ýa­nyň al­ter­na­tiw çeş­me­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­niň art­ma­gyn­da ge­og­ra­fik gur­lu­şy­nyň hem äh­mi­ýe­ti uly. Gü­ne­şe baý se­bit­ler­de Gün ener­gi­ýa­syn­dan has köp peý­da­la­nyl­ýan bol­sa, dag­lyk we de­ňiz ke­nar­la­ryn­da ýel be­ket­le­ri ener­gi­ýa önüm­çi­li­gin­de giň­den u­la­nyl­ýar. Dag­la­ryň etek­le­rin­de, de­pe­ler­de, öri meý­dan­la­ryn­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­na, beý­le­ki des­ga­la­ra hem-de ot­la­ýan mal­la­ra zy­ýan ýe­tir­me­jek de­re­je­de ýel be­ket­le­ri gu­rul­ýar. Te­bi­gy müm­kin­çi­lik­le­rin­den has köp peý­da­lan­mak mak­sa­dy bi­len, 2020-nji ýy­la çen­li gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa pu­da­gyn­da 364 mil­liard dol­lar öz­leş­di­ri­ler. Ener­gi­ýa­nyň aras­sa çeş­me­le­ri­ni öz­leş­dir­mä­ge be­ril­ýän gol­daw ada­ty ýan­gyç­la­ryň ula­ny­ly­şy­ny hem gör­ne­tin azal­dar.
Hy­taý­da bu pu­da­gy ös­dür­mä­ge be­ril­ýän gol­daw di­ňe bir ener­gi­ýa pu­da­gyn­da däl, eý­sem, beý­le­ki ugur­lar­da iş alyp bar­ýan şe­re­ket­le­ri hem hö­wes­len­dir­ýär. Mo­bil en­jam­la­ry ön­dür­mek­de dün­ýä­niň iň öň­de­ba­ry­jy­sy ha­sap­lan­ýan “App­le” Hy­taý­da iri tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýär. Ýurt­da iş alyp bar­ýan da­şa­ry ýurt­ly kär­ha­na­lar hem öz önüm­çi­lik des­ga­la­ry­nyň we beý­le­ki bi­na­la­ry­nyň elekt­rik ze­rur­ly­gy­ny üp­jün et­mek üçin al­ter­na­tiw çeş­me­ler­den peý­da­lan­ýan be­ket­le­ri gur­ýar­lar.