Sport bilen meşgullanmagyň adamyň fiziki saglygyna peýdasynyň bardygy hemmelere mälimdir. Emma soňky geçirilen barlaglarda bilermenler maşk etmegiň adamyň ruhy ýagdaýyna hem ýardam berýändigini bellediler. Yzygiderli maşk etmek bedeni güýçlendirmäge, agramyň kadalylygyny üpjün etmäge we rahat uklamaga ýardam edýär. ABŞ-nyň Indiana uniwersitetiniň Halk saglygyny goraýyş mekdebiniň professory Jek Raglin soňky ýyllarda stresiň artýandygyny, munuň öňüni almakda maşkyň ähmiýetiniň uludygyna ünsi çekýär. Bilermenleriň pikirine görä, maşk etmek adamda diňe gowy duýgulary döretmek bilen çäklenmän, şol bir wagtyň özünde gaýgy-aladany hem unutdyrýar. Şeýlelikde, sport adamyň ruhy saglygyna ikitaraplaýyn ýardam edýär. Professor Raglin hepdede üç gezek 15-20 minutlyk aerobik maşklary ýerine ýetirmegiň uzak möhletleýin, has täsirli peýdasynyň boljakdygyny aýdýar. Onuň pikirine görä, 5 minut ýöremek hem adamyň şähdini açmaga ýardam berýär.
Röwşen GELENJÄÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.