Jessika Nabongo atly garaýagyz zenan dünýäniň ähli ýurduny aýlanan ilkinji garaýagyz zenan boldy. 38 ýaşly zenan Ýer ýüzüniň 195 ýurduna aýak basypdyr. Ol syýahatynyň dowamynda 450-den gowrak howa gatnawyny amala aşyrypdyr. Nabongo jemi bir million 600 kilometrden gowrak ýol geçipdir. Ol soňky syýahatyny Seýşel adalarynda amala aşyrypdyr. Jahankeşde soňky bir ýylyň içinde 170-den köp gezek uçara münüpdir. Ol syýahatynyň dowamynda dürli päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolup, bu syýahaty tamamlap bilmejekdiginden howatyr edipdir.
Ol täsin syýahaty barada «The Catch Me If You Can» («Oňarsaň, tut!») atly kitap hem ýazypdyr. Nabongo adybir blogynda gezen ýerleriniň özünde galdyran täsirleri baradaky ýatlamalaryny hem ýazýar. Jahankeşde Ýer ýüzüni aýlanyp çykmak arzuwyna 35 ýaşyndan ozal ýetmegi maksat edinen eken. Şeýle-de bolsa, ol bu arzuwyna gijem bolsa ýetipdir. Nabongo häzire çenli 400 töweregi adamyň dünýäniň ähli ýurduna aýlanyp görendigini belleýär.