Özbek edebiýaty öz gözbaşyny uzak asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Häzirki zaman özbek edebiýaty dürli žanrlylygy, ugur-tär saýlamakda has batyrgaýlygy bilen tapawutlanýar. Özbek şygryýeti köp asyrlyk däplerini dowam etdirip, milli edebiýatda öňde baryjy žanr bolmagynda galýar. Aman Matçan, Barot Boýkabilow, Sirojiddin Said, Normurod Narzullaýew, Şawkat Rahmon, Çulpan Ergaş, Azim Suýun, Usman Azim, Ikrom Otamurod, Abduwali Kutbiddin, Aziz Said, Bahram Ruzimuhammad, Muhammad Ýusuf, Ikbol Mirzo, Fahriýor, Zebo Mirzaýewa, Guljamol Askarowa we beýlekileriň dünýä akyl ýetirmäge edýän tagallalarynda täzeçe çemeleşmeleri duýmak bolýar.
Häzirki zaman özbek şygryýetinde öwüt-nesihata, adaty däl pikirler bilen gyzyklanmalara, çylşyrymly ruhy ýagdaýlaryň beýanyna we adamyň mukaddes duýgularyna akyl ýetirmäge bolan tagallalaryna, onuň baý we üýtgeşik ruhy dünýäsine esasy üns gönükdirilýär.
Şawkat Rahmonyň «Türkiler», «Ykrar», Azim Suýunyň «Toba», «Ak we gara», Abduwali Kutbiddiniň «Düşündirişsiz sözlük», Aziz Saidiň «Düýş», «Ýol» ýaly şygyrlary häzirki zaman şygryýetiniň özboluşly nusgalarydyr. Häzirki zaman özbek şygryýetinde galyplaryň we usullaryň dürli-dürlüligi, Günbataryň we Gündogaryň öňdebaryjy şygryýet däplerini susup almaga bolan çynlakaý tagallalar mahsusdyr. Şygryýeti özüniň ozalbaşdaky gözbaşyna dolap getirmek, häzirki zamanyň ruhy dünýäsiniň pynhan syrlaryny, asylly duýgularyny oňa seplemek şu günki özbek şygryýetiniň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Şygryýet şahyrlaryň ýiti ruhy dünýäsi, baý oýlanmalary arkaly ynsanyýete bagyşlanan naýbaşy eserlere öwrüldi. Bu ýagdaý okyjylaryň sanyny artdyryp, şygryýetiň muşdaklarynyň estetik derejesini, täsirli beýan edilen çeper söze düşünmek ukybyny görnetin ýokarlandyrdy. Häzirki zaman şygryýeti öz muşdaklaryny has ýokary ruhy derejä götermegiň hötdesinden geldi.
Özbek şygyrlarynyň şu günki muşdaklary has inçe duýguly şygryýete, sopuçylygyň köp manyly şahyrana setirlerine we şahyrana dünýäniň dürli tärler arkaly beýan edilýän usulyýetine düşünmäge ukyplydyr. Özbek okyjylarynda estetik meýil, şygryýete çuňňur düşünmek ukyby görnetin ýokarlanyp, şahyrana dünýäni ýalňyşsyz kesgitlemek üşügi kemala geldi. Eger häzirki zaman şygryýetinde ýaş nesilleriň işjeňligi ýokary bolup, täze atlar peýda bolan bolsa, kyssa žanrynda-da şol däpleriň dowam etdirilýändigi aýdyň hakykatdyr.
Şu günki günde dürli žanrlarda eserleri döredýän ýazyjylar önjeýli işleýärler: Adyl Ýakubow, Saýd Ahmad, Şukur Holmirzaýew, Utkir Haşimow, Aman Muhtar, Tahir Malik, Murod Muhammad Dust, Togaý Murad, Erkin Agzam, Haýriddin Sultanow, Hurşid Dustmuhammad, Nazar Eşankul, Nurmurad Narkabilow, Tuhtamurad Rustamow, Abdukaýum Ýuldaşew, Rahim Atauli we beýlekiler.
Döredijilikli çemeleşme, garaşylmadyk çeper çözgütler, belli bir kadalaryň mese-mälim özgerdilmesi häzirki zaman özbek kyssasynyň esasy aýratynlygy bolup durýar. Aman Muhtaryň «Müň bir roý», Nazar Eşankulyň «Gara kitap» powestlerinde dünýä derejesinde ýazylan kyssalaryň iň soňky çemeleşmeleri ussatlyk bilen ulanylýar. Nazar Eşankulyň «Şemaly tutup bolmaýar», «Tabyt şäher», «Tüweleý» ýaly eserleri özboluşly hekaýalar bolup, Özbegistanyň milli edebiýatynda täzeçil estetik hadysadyr. Bu ýazyjylaryň eserleri beýan edilişiniň özboluşlulygy, dünýäni bütinleý başgaça görşi hem-de adamzadyň ruhy dünýäsiniň iň bir pynhan künjeklerine aralaşmagy bilen tapawutlanýar.
Kyssaçy Ş. Holmirzaýewiň «Garantga», «Dinozawr» romanlarynda, «Bulut tutan Aý», «Azatlyk», «Nowruz, nowruz» hekaýalarynda, N. Narkabilowyň «Akboýun», «Uçutlar hem aglaýar», «Dag adamy» powestlerinde, «Ar», «Guwançly gün» hekaýalarynda döwürdeşleriniň çeperden janly keşplerini döredip, suratlandyrmalaryň ozaldan gelýän däplerini ussatlyk bilen ulanypdyrlar. Şoýim Butaýewiň «Şuradan galan adamlar» powestinde, hem-de «Çynar» hekaýasynda, H. Dustmuhammadyň «Kürsi» powesti, «Magot», «Ibn Muganni» hekaýalary, T. Muradyň «Atamdan galan meýdanlar» romanynda gadymdan gelýän usul we dünýä edebiýatynyň iň soňky gazananlary ussatlyk bilen utgaşýar.
Özbegistan muzeýlere we kitaphanalara baý ýurtdyr. Daşkendiň, Samarkandyň we Buharanyň kitaphanalarynda gadymy kitaplaryň we golýazmalaryň ägirt uly ýygyndysy saklanýar.
Taýýarlan: Ýegenmämmet Taýlyýew.
“Zaman-Türkmenistan”.