Edebi hyzmatdaşlyk halklaryň hem döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň berkemeginde we döwrüň talaplaryny ýüze çykarmakda ähmiýetli orna eýe. Şu babatdan alanyňda türkmen-belarus medeni, edebi gatnaşyklaryna ýokary baha bermek mümkin. Şeýle hyzmatdaşlyk Garaşsyzlyk ýyllarynda has-da ösdürildi. Ýakynda belarus şahyry, ýazyjysy, Belarus Respublikasynyň «Mastaskaýa literatura» neşirýatynyň direktory Aleksandr Badak bilen internet arkaly söhbetdeş bolduk.
– Döredijilik bilen meşgullanmaga size näme itergi berdi?! Kitaplara bolan söýgümi, intellektual gurşawmy ýa-da edebi şöhrata bolan ymtylyşmy?!
– Men haýsydyr bir sözleri kapiýalaşdyrmaga diýseň ir – on iki ýaşymda başladym. Bir gezek gyşky dynç alyş möwsüminde deň-duşlarymyň respublikan çagalar gazetinde çap edilen goşgularyny okadym we kalbymda nämedir bir zatlar, nähilidir bir «oýanyş» peýda boldy. Belki, ol ýüregimde haçandyr bir wagtlardan bäri oýanyp bilmän ýatan duýgyny oýarandyr. Onuň anyk nämedigini aýtmak kyn. Belki-de, edil yşkyň nämedigini düşündirip bolmaýşy ýaly, ony hem düşündirip bolýan däldir, mümkin ol ylhamdyr.
Şondan soňky döwürde meniň ýönekeýje kapyýalary oýlap tapanymda we olara haýsydyr bir sada, çaga setirlerini seçip alanymda başdan geçirýän ruhy tolgunmam ýadyma düşýär, özi-de şol pursatlarda men, heniz çagadygyma garamazdan, özümi döredijilik adamsy hökmünde duýýardym. Elbetde, munda çagalygyň ham-hyýallary rüstem gelýärdi.
Şol döwürler şöhratyň hakyky manysyna doly düşünmesem-de, elbetde, döredijilik bilen yzygiderli meşgullanyp başlamagyma, il içinde tanalmaga bolan höwesim, goşgy ýazýan deň-duşlarymdan yza galmajak bolup dyrjaşmam hem täsir edendir. Ýogsam çagalykdan saýlanan adam üçin edebi şöhrat onuň döredijiliginiň ösmegi üçin iň uly böwetdir. Özüni şöhrata gapdyran ýazyjy-şahyr tehnologiýasy könelişen fabrik ýalydyr, ýyl geçdigiçe önümçiligi peseler we bir gün işini bes eder. Ýöne kitaplara, kitap okamaga bolan söýginiň täsirini welin inkär edip bolmaz. Beýle söýgi bolmazdan döredijilik bilen meşgullanmak, has dogrusy, bu ugurda kämilleşmek mümkin däl. Ol diňe öz-özüňi aldamakdan ybaratdyr. Edebi kämillikde intellektual gurşawyň täsirine-de uly orun degişli.
– Döredijilik adamy hökmünde häzirki döwürde siz haýsy temany has möhüm hasaplaýaňyz?
– Temalar dürli-dürli bolup biler, ýöne men haýsy temadan ýazanynda-da, ýazyjy-şahyryň esasy wezipesiniň, eserleri arkaly adamlaryň biri-biri bilen paýhasly, mylakatly, sabyrly gatnaşyk saklamaklaryny gazanmaga ýykgyn etmekdigine ynanýaryn. Biz diýseň ýönekeý bolmadyk döwürde ýaşaýarys. Bu ýerde gürrüň diňe bir dünýäde bolup geçýän gapma-garşylyklar barada däl. Gürrüň häzirki döwrüň biziň ruhumyzyň, ahlagymyzyň ygtybarlylygyny diýseň ýowuz synaýandygy barada barýar. Meniň pikirimçe, biz bu synagdan gaty bir şowly geçip baraýamyzok. Ählumumylaşýan dünýäde haýsy yklymda, haýsy ýarym şarda ýaşaýandygymyza garamazdan, biz biri-birimize ýakynlaşýarys. Ýöne ol milletleriňdir halklaryň milli aýratynlyklaryna-da ýuwaş-ýuwaşdan täsir edýär.
– Siziň üçin edebiýatyň haýsy çygry, ugry, görnüşi beýlekilere garanyňda has özüneçekiji?
– Ýokarda-da nygtaýşym ýaly, men döredijilige ilki goşgy ýazyp başladym. Soňra özümi prozada-da synap görmek isledim. Şonuň üçin awtor hökmünde-de, okyjy hökmünde-de bu edebi görnüşleriň ikisi-de maňa artykmaçlyk edenok, olaryň ikisi hem meniň üçin gyzykly, täsirli, özüneçekiji.
Men aýdymlary-da çagalykdan bäri örän söýüp diňleýärin. Çagalygym bolsa Soýuz döwrüne gabat geldi. Şonuň üçin men, şol bir wagtyň özünde, «Güneş» aýdym-saz toparynyň döredijiligi bilen hem ýakyndan tanyş. Çünki Türkmenistanyň bu aýdym-saz topary öňki Soýuzyň çäklerinde, hatda ondan daşarda-da meşhurlyk gazandy, olar öz diňleýjilerine türkmen halkynyň ýüreginiň ýylysyny paýlady.
Ine, eýýäm otuz ýyldyr, meşhur belarus aýdymçylary üçin aýdymlaryň sözlerini ýazyp berýärin. Olaryň arasynda Türkmenistanda-da giňden tanalýan Anatoliý Ýarmolenko we «Saýabry» aýdym-saz topary hem bar.
– Belarusda edebiýat we neşirýat işi haýsy ugurlarda has ösdi we ösýär?
– Bir tarapdan, edebiýat şygryýetiň, prozanyň, dramaturgiýanyň we çagalar edebiýatynyň hiç mahal könelmeýän nusgalaryny bize miras goýan nusgawy ýazyjy-şahyrlarymyz Ýanka Kupaladyr Ýakub Kolas tarapyndan 100 ýyldan-da gowrak wagt mundan ozal esas edinilen däplerini aýawly saklaýar. Beýleki tarapdan, edebiýat diňe öz döwrüniň ýürek urgusyny duýan, täze temalaryň, täze pikirleriň gözleginde gezen wagty ösüp bilýär. Men häzirki zaman belarus edebiýatynyň diýseň köpdürlüdigini uly buýsanç bilen nygtasym gelýär.
Häzirki döwürde dünýäniň kitap bazarynyň diýseň baýdygyny, bu bazarda mynasyp orun eýelemek üçin ýazyjy-şahyrlaryň, neşirýatlaryň juda köp işlemelidiklerini we döredijilikli işlemegiň täze çelgilerini emele getirmelidiklerini unutmaly däldiris. Şonuň üçin hem kitabyň mazmunynyň-da, bezeginiň-de döwrüň we häzirki zaman okyjysynyň talaplaryna laýyk gelmelidigine ynanýaryn. Häzirki döwürde Belarus Respublikasynda neşir edijileriň, taýýarlaýjylaryň we ýaýradyjylaryň Döwlet sanawynda hojalygy ýörediji subýektleriň 2000-e golaýy bellige alyndy. Olaryň 139 sanysy döwlet eýeçiligine degişli kärhanalardyr. Ol umumy sanawyň bary-ýogy 8 göterimini emele getirýär. Galanlary eýeçiligiň döwlete dahylsyz pudagyna degişlidir. Biz edebiýatyň durmuş ähmiýetli ähli görnüşleriniň, şol sanda nusgawy eserleriň neşir edilmegi üçin tagalla edýäris. «Mastaskaýa literatura» eýýäm 50 ýyldan gowrak wagt bäri her ýyl nusgawy ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserleriniň birnäçe jiltden ybarat ýygyndylaryny çapdan çykarýan ýeke-täk belarus neşirýatydyr.
– Belarus okyjylarynda we hut siziň özüňizde türkmen edebiýaty nähili gyzyklanma döredýär?! Türkmen edebiýaty size näderejede tanyş?!
– Soňky ýyllarda ýurdumyzda türkmen edebiýatyna bolan gyzyklanma ep-esli ýokarlandy. Sowet Soýuzy darganyndan soňra, Soýuzyň öňki Respublikalarynyň arasynda edebiýat boýunça hyzmatdaşlyk tas ýiteňkirläpdi. Diýseň uzak wagtyň dowamynda bizde türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň täze eserleri terjime edilmedi diýen ýaly. Häzirki döwürde welin beýleki ugurlar bilen birlikde, edebi gatnaşyklarymyz hem ýokary derejede ösýär. Şonuň üçin hem eýýäm belarus okyjylarynyň täze nesli Atamyrat Atabaýewiň, Agageldi Allanazarowyň, Maksat Bäşimowyň, Bägül Annabaýewanyň, şol sanda seniň öz eserleriň we beýleki häzirki zaman awtorlarynyň döredijiligi bilen tanyşmaga mümkinçilik tapdylar. Şeýle-de, siziň meşhur şahyryňyz Magtymguly Pyragynyň belarus diline täze terjime edilen goşgulary peýda boldy. Hut meniň özüm üçin-ä türkmen edebiýaty diýseň gyzykly. Çünki olarda meniň ägirt uly hormat goýýan we ruhy kowumdaşlarym hasaplaýan türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň şöhlelenmesi bar. Bu gadymy türkmen halkyny we onuň häzirki nesillerini tanamak babatyndan alanyňda juda möhümdir.
– Siziň üçin kitap nämäni aňladýar?! Durmuş sapagy boýunça okuw kitabynymy, köpçüligiň aňyny belli bir ýa-da birnäçe ugra gönükdirmegiň guralynymy, wagtyňy amatly geçirmekligimi, ýa-da?..
– Eger biz kitap barada gürrüň edýän bolsak, onda, elbetde, ilkinji nobatda, ol adamzat barlygynyň ähli çygyrlaryna, onuň ähli duýgularyna täsir edýän paýhas çeşmesidir. Okyjy bolsa şol çeşmäniň ebedilik teşnesidir.
– Belarus milli edebiýaty we kitap neşir ediş bazary soňky ýyllarda nähili üstünlikler gazandy?
– 2015-nji ýylda belarus ýazyjysy Swetlana Aleksiýewiç edebiýat ugry boýunça Nobel baýragynyň eýesi boldy. Bu biziň edebiýatymyz üçin ägirt uly üstünlikdir. Kitap neşir ediş bazary döwür bilen aýakdaş barýar, bu esasy zat. Şeýle bir döwür boldy, ýurdumyzyň uly bolmadyk şäherlerinde ähli kitap dükanlary ýapyldy, emma soňky ýyllarda bu ýagdaý düýbünden başgaça boldy. Diýmek, adamlaryň ruhy dünýäsi üçin kitap, şol sanda belarus kitaplary-da zerurlyk bolup durýar.
– Siziň ýurduňyzda ýazyjylarda diňe döredijilik işi bilen meşgullanmaga mümkinçilik barmy?!
– Meniň pikirimçe, bütin dünýäde ýazyjylaryň uly bolmadyk bölegi diňe döredijilik işi bilen meşgullanýarlar. Olaram, kada bolşy ýaly, esasan, köpçülikleýin žanrlarda işleýän – detektiw häsiýetli eserleri, söýgi romanlaryny ýazýan ýazyjylar. Emma köpçülikleýin edebiýatyň öz ähmiýetini ýitirmezligi iňňän möhümdir. Çünki bu gün eserleriňi on müňlerçe nusgalykda neşir edip, ertirki gün seni ýatlajaklaryň az bolýan halatlary bolýar.
– Belarus ýaşlarynyňdyr ýetginjekleriniň arasynda edebiýata bolan gyzyklanma näderejede? Çagalar we ýetginjekler edebiýatynyň ösüşine nähili garaýaňyz?! Ýaş okyjylara haýsy žanrlar has ýaraýar: fantastik edebiýatmy, ylmy-fantastikamy, ýetginjeklere niýetlenen psihologik prozamy?
– Meni ýurdumyzda çagalar üçin edebiýatyň iň kiçilerden, dogrusy hatda okyjylar hem däl-de, eýsem, entek diňe diňleýjiler üçin kitapçalardan başlap, uly islegden peýdalanýandygy arkaýynlaşdyrýar. Ýetginjeklere we ýaşlara niýetlenen eserleri uly meşhurlyk gazanan awtorlarymyz bar. Mekdep durmuşy barada, ýetginjekleriň psihologiýasy dogrusynda proza eserlerini ýazýan Waleriý Gapeýew, taryhy žanrda öndümli işleýän Lýudmila Rublýowskaýa olaryň diňe käbiri. Häzirki wagtda okyjylar köpçüligi hem, ýazyjylar topary hem dürli-dürli artykmaçlyklardan, dürli isleglerden peýdalanýar. Ylmy fantastika we komiksler geçen asyryň 90-njy ýyllarynda ýokary göterilişini başdan geçirdiler. Umuman, bu gün edebiýatda žanrlaryň gatyşmasynyň, mysal üçin, bir eserde fantaziýanyň we taryhy žanryň, çeperçilik toslamanyň hem-de häzirki wagtda meşhur bolan «non-fikşn» žanrynyň düzüm bölekleriniň has köpräk ulanylýandygy duýulýar.
– Siz galyň edebi žurnallaryň geljegine nähili garaýarsyňyz?!
– Meniň pikirimçe, olar hiç haçan hem ähmiýetini ýitirmez. Sebäbi her kitap bize belli bir ýazyjy barada, žurnallar bolsa edebiýatyň umumy ýagdaýy barada düşünje berýär. Olaryň sahypalaryndan publisistikany hem tapmak mümkin. Žurnallar kitap çykarmaga mümkinçiligiň bolmadyk ýagdaýynda, eserleriň arkaly «özüň barada gürrüň bermäge» mümkinçilik döredip, ýaşlara edebiýat babatda meýdança bolup, hatda neşir üçin galamhaky hem töleýärler.
– Siziň ýurduňyzda edebiýatyň haýsy žanry ýa-da žanrlary beýlekilere garanyňda has meşhur?
– Bizde romandyr hekaýalar hemişe-de ýokary islegden peýdalanýar. Olaryň taryhy häsiýetlileri has-da «islegli haryda» öwrülýär. Bu babatda häzire çenli Wladimir Korotkewiç aýratyn tapawutlanýar. Ol 1984-nji ýylda aradan çykdy, emma onuň eserleri şu güne çenli her ýyl gaýtadan neşir edilýär. Edil Beýik Watançylyk urşy barada ýazan Wasiliý Bykowyň eserleri ýaly.
– Häzirki zaman belarus edebiýatyndan haýsy eserleri türkmen diline terjime etmek üçin teklip edip bilerdiňiz?
– Men munuň ýöne bir terjime bolman, eýsem, türkmen okyjysynyň belarus edebiýatynyň köpdürlüligini, onuň hemmetaraplaýynlygyny duýup bileri ýaly, aýdaly, uly bolmadyk kitap antologiýasy: häzirki zaman belarus kyssalary, şygryýeti, çagalar edebiýaty bolmagyny islärdim. Eger-de belarus we türkmen ýazyjylarynyň eserleri bir daşlygyň içinde ýygnansa has-da ýerine düşerdi. Men munuň biziň ýurtlarymyzyň okyjylary üçin hem gyzykly boljakdygyna we biziň dostlugymyza aýdyň şaýatlyk etjekdigine ynanýaryn.
– Söhbetdeşligiňiz üçin köp sag boluň! Edebiýatyň ösmegi we dostlukly halklarymyzyň edebi gatnaşyklarynyň has-da berkemegi ugrunda alyp barýan işleriňizde rowaçlyk hemraňyz bolsun!
Internet arkaly söhbetdeş bolan
Ysmaýyl TAGAN.