Ýüzmek, ýöremek, ylgamak, umuman hereket etmek adam saglygy üçin örän peýdalydyr. Şol sebäpli köp adam sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sport bilen meşgullanýar, türgenleşik zallaryna gatnaýar, welosipedli gezelenç edýär, açyk howada ylgaýar… Eýsem, näçe wagt, nähili ylgamaly, nähili egin-eşik geýmeli? Ine, ylgaw wagtynda her bir adamyň goýberip biläýjek 5 adaty ýalňyşlygy:
Nädogry aýakgap saýlamak
Aýak şikesleri köplenç ylgaw wagtynda ýüze çykýar. Munuň iň esasy sebäpleriniň biri-de nädogry aýakgap saýlamakdyr. Aýak gurluşyňyza laýyk gelmeýän aýakgaplaryň size zeper ýetirmegi mümkin. Şonuň üçin ortopediki we aýak gurluşyňyza laýyk aýakgap saýlamak maslahat berilýär. Mysal üçin daraklygyňyz uly bolsa, öň tarapy insiz aýakgap almaly däl. Sport aýakgabyny saýlanyňyda ilki geýip, biraz ýöräp görmegi unutmaň!
Ýokary tizlik
Ylgaw wagtynda dogry tizligi saýlamak örän möhümdir. Haýal ädim bilen ylgaýan wagtyňyz çaltlaşsaňyz, myşsalaryňyza we süýümleriňize zeper ýetirersiňiz. Şonuň üçin ylgaýan wagtyňyz tizligiňizi ýuwaş-ýuwaşdan ýokarlandyryň. Şeýle-de, ylgawa gitmezden ozal maşk edip gyzmagy ýatdan çykarmaň!
Durnuksyz türgenleşmek
Bir işe başlandan soň gutaryp bilmeýän bolsaňyz, ägä boluň! Ylgaw durnuklylygy talap edýändir. Her hepdäniň belli günlerinde türgenleşmegi ýatdan çykarmaň. Sebäbi myşsalaryňyzyň işleýiş tizligine öwrenişmegi üçin durnuklylyk möhümdir.
Az suw içmek
Esasan, maşka başlamazdan ozal suw içmeli. Çünki maşk edip başlanyňyzdan soňra, bu mukdar size ýeterlik bolmaz. Sebäbi kabul edilen bu suw ylgaýan wagtyňyzda der bilen birlikde bedeniňizdäki suwuklygy hem ýitirýär.
Şol bir ýerde türgenleşmek
Adamlar endiklerinden aňsatlyk bilen ýüz öwrüp bilmeýärler. Ylgaw wagtyňyzda ýa-da ýöräniňizde, egrem-bugram, beýikli-pesli ýollardan geçmeli. Şunlukda, bedeniňiz has köp energiýa sarp eder.
Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.