Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza (ŞHG) sekiz ýurduň liderleriniň ählisi sentýabr aýynda Samarkantda geçiriljek sammite gatnaşjakdygy tassyklandy. Ýöne çäräniň görnüşi entek kesgitlenmedi. Bu barada guramanyň baş sekretary Çan Min metbugat ýygnagynda aýtdy. -Häzirki wagtda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ählisi öz liderleriniň Samarkantda geçiriljek sammite gatnaşmakçydygyny tassykladylar. Format barada aýdylanda bolsa, ähli taraplar öňden gelýän has netijeli iş görnüşine gaýdyp gelerler diýip umyt edýärler – diýdi.