Jahankeşdeleri özüne çekýän iň esasy zatlaryň biri dürli görnüşli tagamlar bolup durýar. Tagamlaryň arasynda-da köçe tagamlarynyň (street foods), ýagny köçede taýýarlanyp, köçede iýilýän tagamlaryň aýratyn orny uludyr. Köçe tagamlary syýahat edilýän ýerler barada iň gowy ýatlamalary özünde jemleýär. Köçe tagamlary şol ýeriň medeniýeti we taryhy bilen baglanyşykly bolup, islendik ýurduň aşhana medeniýetiniň hem özenini emele getirýär. Bir ýurduň ýa-da şäheriň köçe tagamlaryny iýmek sizi şol ýere hem-de şol ýeriň halkyna has-da golaýlaşdyrýar, ýakynlaşdyrýar. Dünýä belli restoranlaryň menýularynda bar bolan tagamlaryň köpüsiniň hem köçe tagamlaryndan emele gelendigini belläp geçsek ýerlikli bolar. Şol nukdaýnazardan syýahat eden ýerleriňizde garbanjak köçe tagamlaryňyz restoranlardakylardan tagamlylygy, lezzeti, iň esasysy hem sadalygy bilen tapawutlanýar. Dünýäniň islendik ýerinde bar bolan köçe tagamlarynyň käbirleri şulardyr:    

“Trdelnik” – Çehiýa

“Trdelnik” esasan hem gyş aýlarynda iýilýär.

“Trdelnik” spiral görnüşli bu süýjülik tagamy Çehiýa döwletiniň sowuk gyş günlerinde ony iýenleriň içini ýyladýan lezzetdir. Şekere bulap ýa-da şokoladly funduk krem bilen hödür edilýän “trdelnik” aýratynam Roždestwo günlerinde ýerli halkyň hem-de jahankeşdeleriň iň söýgüli köçe tagamlarynyň biridir.

“Poutine” – Kanada

Poutine

Kanadanyň köçe tagamlarynyň biri bolan “poutine” tagamynyň düzümini ýagda gyzardylan ýeralmasy, dorog hem-de et şorsuwy emele getirýär. Bu tagam Kanadanyň Kwebek sebitinde has ýörgünli bolup, “poutine” sözi bulam-bujarlyk diýen manyny aňladýar.

“Mango stiki raýs” – Tailand

Mango stiki raýs

Bugda bişirilen tüwi üstüne kokosyň süýdüniň guýulmagy bilen şireli tagama öwrülýär. Soňam şol palowyň üstüne ýene-de azrak süýt guýlup, mango bilen bilelikde hödür edilýän “Mango stiki raýs” (Mango Sticky Rice) Tailandyň meşhur köçe tagamlarynyň biridir. Aslynda bu ýurtda başga-da onlarça köçe tagamy bolup, ady agzalan bu palow özüniň ýeňil hem-de tagamlylygy bilen tapawutlanýar we jahankeşdeleri özüne maýyl edýär.

“Arançini” – Italiýa

Sisiliýa degişli tagam – “Arançini”

Italiýa her sebitiniň özüne mahsus köçe tagamlaryna baý ýurtlaryň biridir. “Arançini” Sisiliýa sebitine degişli köçe tagamy bolup, ol irki döwürlerden gözbaş alyp gaýdýar. “Arançininiň” irki döwürlerde imperatorlaryň biriniň awa çykan mahaly taýýarladan tagamlarynyň biridigi bellenilýär. “Arançini” tagamy risotto tüwüsiniň mozzarella peýniri hem-de ragu şiresi bilen garylmagyndan soň, çörek owuntyklaryna bulanyp, ýagda gyzardylyp bişirilýär.   

“Banh mi” – Wýetnam

“Banh mi”

“Banh mi” tagamy Wýetnama degişlidir. Ol fransuzlaryň Gündogar Aziýany eýelemeginden soň peýda bolan tagamlaryň biridir. Fransuzlaryň meşhur çöregi bolan bagetiň Wýetnama getirilmeginden soň ýüze çykan bu tagama Gündogar bilen Günbataryň bilelikdäki lezzeti hem diýilýär. Birnäçe görnüşi bolan “banh mi” tagamynyň iň adaty görnüşinde inçeden uzyn baget çöreginiň arasyna otda bişen kotlet, kakmaç ýa-da sowuk et goýulýar. Etiň ýany bilenem hyýar, gyrgyçdan geçirilen käşir, duzly suwa gapylan hyýar hem-de petruşka oty goýlup, hödür edilýär. 

“Halo halo” – Filippinler

Dürli öwüşginli “halo halo”

Filippinleriň meşhur köçe tagamlarynyň biri-de “halo halo” bolup, ol garym-gatym diýmegi aňladýar. Älemgoşar deýin reňkli tagamyň iň esasy önümi gar halwasy bilen goýaldylan süýt bolup, galany müşderiniň islegine görä üýtgeýär. Noýba däneleri, kokos owuntyklary, süýji ýeralmasy, doňdurma, tropik miweler “halo halo” tagamynyň içine goşulýan goşundylaryň käbiri bolup, olaryň sanyny has hem köpeltmek mümkin.

“Kokoreç” – Türkiýe

Kokoreç – türkleriň söýgüli tagamlarynyň biri.

Köçe tagamlaryna baý ýurtlaryň biri bolan Türkiýede köpleriň eý görýän lezzetleriniň biri-de “kokoreçdir”. Ol goýun (tokly) içegesinden taýýarlanylýar. Çöregiň arasyna goýlup iýilýän ýaşajyk toklularyň içegesi gowy arassalanyp, közüň gyzgynyna bişirilýär. Ol esasan hem burçlaryň dürli görnüşleri, şol sanda pomidor hem-de bulgar burçy bilen hödür edilýär.