Golaýda Russiýa Federasiýasynda «Ýüpek ýoly-2022» ralli ýaryşy geçirildi. Diňe bu ýurduň çäginde geçirilen ýaryşyň «T2 1000 km-den ýokary» görnüşi boýunça hormat münberine tutuşlygyna ildeşlerimiz çykdylar. Awtoralli ýaryşy Astrahan şäherinde başlap, Moskwada tamamlandy. 2009-njy ýyldan bäri geçirilýän ýaryşa gatnaşanlar 4,5 müň kilometre golaý ýol geçdiler. Bu ýoluň 2786 km-i tizlikli ýollar bolup, onda ýaryşa gatnaşýanlar diňe bir awtoulaglary we motosiklleri ýokary tizlikde sürmekde ussatlyklaryny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem ýalňyşman ýol saýlamagy hem başarmalydylar. Ýaryş Moskwanyň «Lužniki» stadionynda dabaraly tamamlandy.

Ýokary geçirijili awtoulaglarlaryň ýaryşyna bäş topara – dördüsi Türkmenistandan, badalga aldy. Russiýaly Dmitriý Woronowyň we Ýewgeniý Zagorodnýukyň dolandyrýan «LADA NIVA Legend» awtoulagly topar ýaryşyň öňdebaryjysy hasaplanýardy. Emma ýaryşyň başynda D. Woronow köp wagt ýitirdi we ýörite ýerlerdäki birnäçe ýeňişlere garamazdan, birinji üçlükde özüne orun tapmady. Netijede, ilkinji üç ýeri umumy hasapda Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň «Nissan Patrol» ulagly ekipažlary eýelediler. Hormat münberiniň ýokarky basgançagynda 48 sagat 47 minut 25 sekunt wagt görkezen sürüji Merdan Toýlyýew we şturman Şöhrat Toýlyýew eýeledi. Olar üçin bu abraýly ýaryşda ilkinji ýeňişdi. Şamyrat Gurbanow (sürüji) we Muhammetmyrat Gurbanow (şturman) olardan 7 minut 4 sekunt yza galdy. Maksatmyrat Daňatarow (sürüji) we Didar Orazmedow (şturman) ýeňijilerden 3 sagat 59 minut 44 sekunt yza galyp, üçünji ýeri eýelediler.