“Bundesliganyň” soňky 10 ýylynyň çempiony “Bawariýa” topary goragyny güýçlendirmegini dowam edýär. Münhen şäheriniň kluby italýan topary “Ýuwentusyň” niderland goragçysy Matteýs de Ligti transfer etdi. “Bawariýa” topary De Ligt bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Nemes kluby bu transfer üçin italýanlara 4 ýylyň dowamynda 67 million ýewro berer. Goşmaçalar bilen ýene-de 10 million ýewro hem tölär. De Ligt 2019-njy ýylda 75 million ýewro “Aýaksdan” “Ýuwentusa” geçipdi. 22 ýaşyndaky oýunçy turinlileriň düzüminde 3 möwsümde 117 oýunda meýdança çykdy (8 gol).