Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella Premýer-ministr Mario Draginiň işinden çekilmegini kabul etdi. Bu barada Prezident diwanhanasynyň ýaýradan beýanatynda bellenilýär.

Italiýanyň Ministrler Kabinetiniň başlygy geçen hepde hem Premýer-ministrlikden gitmek isleýändigini aýdypdy. Ýöne Mattarella Draginiň işinden çekilmegini kabul etmändi.

21-nji iýulda Premýer-ministr işinden çekilmegi barada haýyş bilen Italiýanyň Prezidentine gaýtadan ýüz tutdy. Netijede, Mattarella Draginiň haýyşyny kabul etdi we hökümete häzirki borçlary ýerine ýetirmegi tabşyrdy.

Habar berlişi ýaly, dolandyryjy koalisiýanyň bir bölegi bolup durýan Italiýanyň “Bäş ýyldyz hereketi” partiýasy hökümete bolan ynam baradaky ses berişlige gatnaşmakdan ýüz öwürdi. Şeýle hem, partiýa parlament köplüginden çykýandygyny mälim etdi. Dragi hem öz gezeginde “Bäş ýyldyzly hereketi” bolmazdan, öz hökümetiniň işläp bilmejekdigini aýtdy. Şol sebäpli, ol işinden çekilmek barada karara geldi.