Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy netijesinde Günüň ýiti şöhlesinden hökman goranmaly. Irden sagat 09:00-a çenli we öýlän howanyň salkynlaşan mahaly 18:00-dan soň möwsüme görä açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýmek, Günüň şöhlesinden goranmak üçin başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan götermek, arassa agyz suwuny ýanyňyz bilen almak maslahat berilýär. Şeýle-de, günüň dowamynda gerekli mukdarda 1,5-2,5 litre çenli arassa agyz suwuny içmeli. Tomsuň yssy günlerinde daglara, açyk meýdanlara gezelençleri guramazlyk, açyk meýdanda işleýän adamlara möwsüme görä geýinmek maslahat berilýär. Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlar lukman gözegçiliginde bolmaly. Gan basyşyny, gandaky süýjiniň mukdaryny gözegçilikde saklamaly, lukman tarapyndan bellenilen derman serişdelerini we bejeriji berhiz saçagyny doly we dogry berjaý etmeli. Kiçi ýaşly çagalary howanyň aşa gyzan mahaly daşaryk gezelenje çykarmak maslahat berilmeýär.
Şeýle hem ýurdumyzda hereket edýän şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeli. Elleri hemişe arassa saklamaly hem-de aram-aram üzärlik dermanlyk ösümligini ulanyp, iş we öý otaglarynyň howasyny çalşyp durmaly.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.