Bir gün dos­tum bi­len Nýu-Ýor­ka iş bi­len gel­dik. Biz tak­si­den dü­şe­ni­miz­de dos­tum sü­rü­jä ýüz­le­ndi:
– Ge­ti­re­ni­ňiz üçin sag bo­luň, siz üýt­ge­şik ulag sür­ýän eke­ni­ňiz.
Şol pur­sat tak­si­çi do­ňan ýa­ly bo­lup gal­dy, soň­ra şeý­le jo­gap ber­di:
– Sen nä­me me­ni ýaň­sa al­ýaň­my, akyl­ly og­lan?
– Ýok, dos­tum, oýun edip aý­da­mok. Se­niň şun­ça ulag­la­ryň aky­myn­da nä­dip so­wuk­gan­ly­ly­gy­ňy sak­lap bil­ýän­li­gi­ňe haý­ran gal­ýan.
– Bä, tä­sin – di­ýip, ol ba­şy­ny ýaý­kap, ug­rap git­di.
– Ýe­ri bu nä­mä­ni aň­lad­ýar? – di­ýip, men dos­tum­dan so­ra­dym.
– Men şä­he­riň kö­çe­le­ri­ne bo­lan söý­gi­ni has-da art­dyr­jak bol­ýa­ryn – di­ýip, ol aýt­dy. Me­niň pi­ki­rim­çe, bu şä­he­re bo­lan söý­gi­ni art­dyr­ma­gyň ýe­ke-täk ýo­ly.
– Eý­sem, di­ňe bir adam şä­he­re bo­lan söý­gi­ni art­dy­ryp bi­ler­mi?
– Men ýe­ke däl. Men tak­si sü­rü­ji­si­niň uzak­ly gün göw­nü­ni gö­te­ren­li­gi­me ynan­ýa­ryn. Goý, ol gü­nüň do­wa­myn­da 20 ýo­lag­çy­ny äki­dip­dir di­ýip, çak ede­li. Tak­si­çi ola­ra mä­hir­li ýüz­le­ner, çün­ki oňa kim­dir bi­ri mä­hir­li çe­me­leş­di. Bu ýo­lag­çy­lar bol­sa, öz ge­ze­gin­de, öz iş­gär­le­ri­ne, ýa-da sa­ty­jy­la­ry­na, ýa-da res­to­ran­lar­da­ky ofi­siant­la­ry­na, ýa-da öz ýa­kyn­la­ry­na my­la­kat­ly bo­lar­lar. Ne­ti­je­de, iň azyn­dan müň­ler­çe adam ýe­ke-täk ho­şa­maý­lyk­dan ha­ýyr ta­par­lar.
– Onda tak­si­çiniň se­niň ho­şa­maý­ly­ly­gy­ňy beý­le­ki­le­re ge­çir­jek­di­gi­ne bil bag­laý­mak gal­ýar.
– Beý­le hem däl – di­ýip, dos­tum nä­ra­zy­lyk bil­dir­di. – Me­niň usu­ly­myň he­mi­şe bir­kem­siz ýe­ri­ne düş­me­je­gi­ni bil­ýä­rin, ýö­ne eger-de men gün­de, aý­da­ly, on­lar­ça dür­li adam bi­len gür­leş­sem, iň bol­man­da, ola­ryň on­dan üçü­si­ni bagt­ly et­sem, ne­ti­je­de, ýe­ne-de üç müň ada­myň göw­nü­niň gö­te­ril­me­gi­ne se­bäp bol­ýan.
– Hem­me zat söz­de ap-aň­sat gö­rün­ýär, ýö­ne mu­nuň tej­ri­be­de iş­le­jek­di­gi­ne on­çak­ly yna­mym ýok – di­ýip, men tas­syk­la­dym.
– Hat­da şeý­le bo­la­ýan­da hem hiç bir zat ýi­ti­ri­le­nok. Ada­my zäh­me­ti üçin ta­ryp­la­ma­ga köp wagt ge­rek däl ahy­ryn. Mu­nuň bi­len onuň çaý pu­lu­nyň öl­çe­gi art­maz ýa-da azal­maz. Eger-de me­niň söz­le­rim onuň aňy­na ýet­me­se, nä­me et­me­li? Er­tir onuň ýe­ri­ne baş­ga tak­si­çi ge­ler, men ýe­ne-de öz güý­jü­mi sy­nap gö­re­rin.
– Gör­nü­şi­ne gö­rä, sen ga­ty ho­za ça­lym ed­ýär­siň – diý­dim.
– Bu di­ňe se­niň nä­dip ýü­züň ga­lyň bo­lan­ly­gy­ny gör­kez­me­ýär­mi eý­sem?! Men eý­ýäm ge­rek­li bar­lag­la­ry ge­çir­dim. Si­ziň pi­ki­ri­ňiz­çe, bi­ziň poç­ta gul­luk­çy­la­ry­my­za el­bet­de, pu­ly ha­sap­la­ma­nyň­da, esa­san, nä­me ýe­te­nok?
– Poç­ta ge­lip, ol ýer­de iş­le­ýän­le­re öz üs­tü­ne alan borç­la­ry­ny bir­kem­siz ýe­ri­ne ýe­ti­riş­le­ri ba­ra­da hiç kim hiç zat aýt­ma­ýar.
– Me­niň pi­ki­rim­çe, ola­ra bu işe höt­de ge­läý­mek aň­sat däl. Eger-de olar mu­ny ba­şar­ma­ýan bol­sa­lar, on­da ola­ryň äh­li ta­gal­la­la­ry­nyň gö­rün­män gal­ýan­ly­gy üçin şeý­le bol­ýar. Nä­me üçin kim­dir bi­ri, ju­da bol­ma­sa, bir ýag­şy söz bi­len ola­ry sy­lag­la­ma­ly däl?!
Biz gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan ja­ýyň de­ňin­den ge­çip bar­ýar­kak, er­tir­lik edi­nip otu­ran dört-bäş iş­çä ga­bat gel­dik. Dos­tum aýak çe­kip:
– Og­lan­lar, örän oňat iş. Bu agyr we howp­ly iş bol­ma­ga çe­me­li!
Iş­çi­ler dos­tu­ma nä­me üçin­dir şüb­he­li se­ret­di­ler.
– Eý­sem, bu ja­ýyň gur­lu­şy­gy ha­çan ta­mam­lan­ýar?
– Iýun­da – di­ýip, bi­ri­si ga­har­ly hü­ňür­de­di.
– Gö­rüň, bu nä­hi­li üýt­ge­şik. Si­ziň ba­ry­ňy­zyň mu­ňa buý­san­ma­ga ha­ky­ňyz bar.
Biz ýe­ne-de ýo­lu­my­zy do­wam et­dir­dik.
Men “La-Man­ça­ly ada­ma” to­ma­şa eden ýa­ly şu ma­ha­la çen­li beý­le ýag­da­ýa ga­bat gel­män­dim.
– Ha­çan-da, adam­lar me­niň söz­le­rim ba­ra­da pi­kir edip baş­lan­la­ryn­da, olar me­ge­rem, öz­le­ri­ni oňat du­ýup ug­ra­ýar­lar. Nä­hi­li-de bol­sa, ola­ryň keý­pi­kök­li­gi şä­he­re di­ňe peý­da ge­ti­rer.
– Ýö­ne siz kö­mek­çi­siz üs­tün­lik ga­za­nyp bil­me­se­ňiz ge­rek! – di­ýip, men jo­gap ber­dim. Se­bä­bi sen ýe­ke!
– Iň esa­sy zat bol­sa, umy­dy­ňy üz­me­li däl. El­bet­de, uly şä­he­riň adam­la­ry­ny go­wy et­mek ýe­ňil iş däl, eger-de men öz kam­pa­ni­ýa­ma baş­ga­la­ry hem çe­kip ba­şar­sam…

Ter­ji­me eden Sum­bar Aly­şi­row,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky TDU-nyň ta­ly­by.