Hindistanda geçirilen Prezident saýlawlarynda Milli Demokratik Bileleşigiň dolandyryjy koalisiýasynyň dalaşgäri Draupadi Murmu ýeňiş gazandy.

Saýlawlarda sesleriň 64%-ine Draupadi Murmu, onuň bäsdeşi Ýaşwant Sinha bolsa 36% sese eýe boldy.

Şeýlelik bilen Draupadi Murmu Hindistan Respublikasynyň on bäşinji Prezidenti hökmünde saýlanýar. Ol ýurduň taryhynda bu wezipäni eýelän ikinji zenan boldy.

18-nji iýulda geçirilen saýlawlaryň gutarnykly netijeleri 21-nji iýulda ähli býulletenler paýtagta getirilip sanalandan soň belli boldy. Häzirki Prezident Ram Nath Kowindiň ygtyýarlyk möhletiniň 24-nji iýulda gutarýar. Konstitusiýa laýyklykda, bellenen senede täze Prezident saýlanyp, 25-nji iýulda kasam kabul etmelidir.