Pakistanda “Simba” atly owlajygyň doglanyna bir aýdan gowrak wagt geçen hem bolsa, onuň meşhurlygy bütin dünýäde artýar. Onuň suratlary gazetleriň birinji sahypasynda ýerleşdirilip, internetdäki wideo roliklerine millionlarça adam tomaşa edýär. Oňa bu şöhraty ýere degip duran uzyn gulaklary getirdi. Häzir owlajygyň gulaklary 54 santimetr bolup, ýene-de ösmegini dowam etdirýärler. Owlajyk arasynda öz gulagyna basansoň, onuň eýesi Muhammet Hasan Nareho owlajygyň her bir gulagy üçin haltajyk ýasap, olary boýnundan asyp goýdy. Owlagyň eýesi “iň uzyn gulakly geçi” kategoriýasynda bellige almak üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna ýüz tutdy.