Saud Arabystany bilen Yrak energiýa ulgamlaryny birleşdirmek barada şertnama baglaşdy. Bu barada «Asharq AL-Awsat» gazeti habar berýär. Neşiriň habaryna görä, şertnamanyň esasynda, uzynlygy 435 kilometr, kuwwaty 1000 megawat we güýji 400 kilowolt bolan elektrik geçiriji liniýanyň gurulmagy göz öňünde tutulýar.
Şol bir wagtyň özünde, Eýranyň häkimiýetleri Aýlagdaky arap döwletleriniň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň elektrik torlarynyň özara baglanyşygy edarasy bilen şertnama baglaşdy. Oňa laýyklykda, iki ýylyň içinde Al-Kuweýtdäki elektrik stansiýalary bilen Yragyň günortasyndaky El-Fao şäheriniň arasynda 500-1,800 megawat kuwwatly ýokary woltly liniýany gurmak göz öňünde tutulýar.