Beýik Britaniýanyň dolandyryjy Konserwatorlar partiýasynyň täze lideri we Premýer-ministri 5-nji sentýabrynda belli bolar. Dalaşgärler şu ýylyň 12-nji iýulynda mälim edildi.
-Saýlawlaryň netijeleri parlamentiň wekilleri tomusky dynç alyşdan gaýdyp gelenden soňra, 5-nji sentýabrda mälim ediler. Biz muny tiz bitirjekdigimize ynanýarys – diýip, Beýik Britaniýanyň parlamentiniň agzasy Grem Breýdi aýtdy.
Premýer-ministriň wezipesini eýelemek maksady bilen ilkibaşda on bir britan syýasatçysy dalaş etdi, ýöne olaryň dokuzysy geçen tapgyrlarda yza galypdylar. Häzirki wagtda ozal maliýe ministri wezipesini eýelän Rişi Sunak hem-de Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edarasynyň başlygy Liz Trass esasy dalaşgärler hökmünde öňe saýlanýarlar. Sesleriň mukdary soňky tapgyrda hem Rişi Sunagyň ýene-de iň köp sese eýe bolandygyny görkezdi – 137. Trass bolsa, 113 ses bilen onuň yzyndan gelýär.
Saýlawyň indiki tapgyrynda Premýer-ministr wezipesini eýelemek üçin Sunak we Trass öz aralarynda bäsleşerler. Olary diňe ýurduň dolandyryjy Konserwatiw partiýasynyň agzalary saýlar. Ses bermek prosesi poçta arkaly geçirilip, netijeler sentýabr aýynyň birinji duşenbe güni, britan parlamentiniň wekilleri tomusky dynç alyşdan gaýdyp gelenden soň mälim ediler. Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson işinden çekiljekdigini 7-nji iýunda habar beripdi, ýöne oňa saýlawlara çenli hökümet başlygynyň wezipesini ýerine ýetirmek ynanyldy. Şeýle hem, ol Konserwatiw partiýanyň lideri wezipesinden çekilýär. Içerki syýasy meseleler sebäpli işinden çekilmäge mejbur bolan Boris Jonson 3 ýyla golaý Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri boldy.