Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Germaniýanyň
raýaty Natali Markarýan-Fardyň ildeşlerimize peşgeş beren türkmen zergärçilik
sungat eserleriniň tanyşdyrylyşy boldy. Olaryň sany 80-e ýetýär. Uzak ýyllaryň
dowamynda dünýäniň dürli ýurtlaryna aýlanyp, ahyrsoňy öz iline dolanan bu şaý-
sepler çärä gatnaşýan öz işine ussat halypalarda-da, ýaş zergärlerde-de uly täsir
galdyrdy.
Bu gymmatlyklar zenan şaý-sepleriniň ähli görnüşlerini özünde jemleýär.
Maňlaýlyk, egme, ýaşmakujy, gupba we beýlekiler özleriniň gözelligi bilen göreni
haýran edýär. Olaryň gapdalynda saça dakylýan saçlyk, asyk, teneçir, akdyrma
goýlupdyr. Döşe dakylýan bukaw, heýkel, açarbag, dagdan şaý-sepleriň arasynda
aýratyn orun tutýar. Bazbent, dogaçyr, ok-ýaý ýaly çaga bezeglerinden başga-da
gözlük, sapy at kellesiniň şekilini ýatladýan gamçylar we beýleki at bezegleri hem
ol ýerde goýlupdyr.
Natali Markarýan-Fard 1933-nji ýylda Tähranda 1917-nji ýylda Eýrana göçüp
baran maşgalada dünýä inýär. Maşgalanyň syrçaly gutujyklaryndan gaýry bar
emlägi ýitipdir. Öýlerinde saklanyp galan zatlaryň gözelligi Natalide çagalykdan
sungat eserlerine höwes döredýär. Soň-soňlar kakasy telekeçi bolup, maddy
ýagdaýynyň gowulaşmagy Natalä we onuň özünden kiçi erkek doganyna
gymmatlyklary toplamaga mümkinçilik berýär.
1967-nji ýylda Tährandaky çeper harytlar bazaryndan Natali tylla çaýylyp, gyzyl
maşat daşy bilen bezelen kiçeňräk kümüş toka satyn alýar. Ol bu zadyň
gözelligine bendi bolýar. Geçirilen derňewleriň netijesinde onuň türkmen
zenanlarynyň dakynýan heýkeliniň bir bölegidigi aýan bolýar. Toka Natalini şeýle
bir özüne maýyl edýär welin, şondan soň ol diňe türkmen şaý-seplerini ýygnamak
bilen meşgul bolýar. Tährandaky ýerli sungat dellallary onuň üçin gowy hilli şaý-
sepleriň gözlegine çykýarlar.
Natali 1970-nji ýylda Germaniýa göçüp barýar, ol ýerde Gündogar sungaty bilen
meşgullanýan nemes dellallarynyň kömegi bilen gymmatlyklary toplaýar. 1980-nji
ýyllaryň ahyrynda Natali Markarýan-Fard sany boýunça türkmen şaý-sepleriniň
dünýäde ikinji toplumyny toplaýar.
Onuň soňky wesýeti zergärlik sungaty eserlerini öz iline gaýtaryp bermek
bolupdyr. Ol Türkmenistanyň medeniýet ministrine ýazan hatynda: «…men uly
kolleksiýa topladym, onuň bir bölegini Türkmenistanyň muzeýleriniň birine peşgeş
bermekçi. Men türkmen halkynyň medeni mirasynyň saklanyp galmagyna kiçijik
goşandyma buýsanardym» – diýip ýazypdyr. Şu ýylyň fewralynda Natali
Markarýan-Fard aradan çykýar we onuň wesýeti ýerine ýetirildi. Indi ol şaý-sepler
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gorunda
saklanylýar.

Natali Markarýan-Fardyň toplan şaý-sepleri muzeýiň gymmatlyklaryny ýokary
çeperçilik önümleri we seýrek duşýan zatlar bilen baýlaşdyrdy. Olaryň arasynda
altyn bilen bezelen egirme agajy, gopuz, iki tarapy dişli darak, şeýle hem pyçak
üçin kümüş gyn bar.
25-nji awgusta çenli bu şaý-sepleriň görkeziliş çäresi dowam eder.