Şri-Lan­ka­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň tä­ze ag­za­la­ry 20-nji iýul­da par­la­ment­de ge­çi­ri­len ses be­riş­lik­de Ra­nil Wik­ra­ma­sing­he­niň ýur­duň tä­ze Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne saý­la­nan­dan soň ka­sam ka­bul et­di­ler.
18 mi­nistr, şol san­da, Prem­ýer-mi­nistr Di­neş Gu­na­war­de­na tä­ze saý­la­nan Pre­zi­dent Ra­nil Wik­ra­ma­sing­he­niň gat­naş­ma­gyn­da hökümetiň tä­ze ag­za­la­ry kasam kabul edip, wezipesine girişdiler. Di­neş Gu­na­war­de­na mun­dan öň döw­let do­lan­dy­ryş, içe­ri iş­ler hem-de we­la­ýat ge­ňeş­le­ri we ýer­li do­lan­dy­ryş mi­nist­ri bo­lup iş­le­di.
Ra­nil Wik­ra­ma­sing­he par­la­ment­de ge­çi­ri­len ses be­riş­lik­de 134 ses ga­zan­dy. Ses be­riş­li­ge 225 de­pu­ta­tyň 223-si gat­naş­dy. Saý­lawlar­da ga­za­nan ýeň­şin­den soň par­la­ment­de eden çy­ky­şyn­da Ra­nil Wik­ra­ma­sing­he äh­li ka­nun çy­ka­ry­jy­la­ry Şri-Lan­ka­ny yk­dy­sa­dy kyn­çy­lyk­lar­dan çy­kar­mak üçin ta­gal­la­la­ry­ny bi­rik­dir­mä­ge ça­gyr­dy.
Şri-Lan­ka Gü­nor­ta Azi­ýa­da ýerleşýän ýurt bolup, 1972-nji ýy­la çen­li bu ýur­da Seý­lon di­ýil­ýär­di. Şri-Lan­ka sansk­rit di­lin­de «şöh­rat­ly, mü­bä­rek top­rak» diý­me­gi aň­lad­ýar. Ýur­duň Hin­dis­tan bi­len de­ňiz ara­çä­gi bar. 21 mil­li­on­dan gow­rak ila­ty bo­lan bu ýurt 1948-nji ýyl­da Ga­raş­syz­ly­gy­na eýe bol­dy.