Ýurdumyzyň ýaşlaryna döwrebap bilim almak, geljekki hünärini saýlamak, öz zehinlerini we başarnyklaryny doly açyp görkezmek, öňde goýan maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýokary okuw mekdeplerimizde öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalary we meýilnamalary, okuw kitaplary hem-de gollanmalary yzygiderli kämilleşdirilýär.

27-nji iýul­da ýur­du­my­zyň dür­li se­bit­le­rin­den da­laş­gär­ler gi­riş sy­nag­la­ry­ny tab­şy­ryp baş­la­dy­lar. Sy­nag­lar Aş­ga­bat­da we we­la­ýat­ merkezlerinde ge­çi­ril­ýär.
Gi­riş sy­nag­la­ry­ny her okuw mek­de­bi­niň öz ka­bul ediş ter­ti­bi bar. Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň kö­pü­sin­de gi­riş sy­nag­la­ry 22-nji aw­gust­da ta­mam­la­nar.
Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­rin­de bi­lim al­mak is­le­ýän da­laş­gär­le­riň res­mi­na­ma­la­ry 11-24-nji iýul ara­ly­gyn­da ka­bul edil­di.
2022-2023-nji okuw ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne 15 müň 326 ta­ly­by oku­wa ka­bul et­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu bol­sa ge­çen ýyl­da­ky­dan 320 adam köp­dür. Şo­nuň ýa­ly-da, şu okuw ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň, pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ry­nyň we gu­ra­ma­la­ryň sar­gyt­la­ry esa­syn­da or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne 10 müň 490 ta­lyp ka­bul edi­ler. Mu­nuň özi ge­çen ýyl­da­ky­dan 380 adam ar­tyk ka­bul edil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Ýo­ka­ry hü­när­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak döw­le­ti­miz­de ile­ri tu­tul­ýan mö­hüm we­zi­pe­dir. Şo­nuň esa­syn­da iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak ul­ga­my kä­mil­leş­di­ril­ýär, ýaş­la­ryň bi­lim al­ma­gy we saz­la­şyk­ly ös­me­gi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Şo­nuň bi­len bir­lik­de, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de her ýyl hü­när sa­na­wy­nyň üs­ti ýe­ti­ri­lip du­rul­ýar we ola­ryň sa­ny ýyl­sa­ýyn art­ýar. Ge­çen ýyl ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de hü­när sa­ny 32 bo­lan bol­sa, bu ýyl 48-e ýe­ti­ril­di.
Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de «Mag­lu­mat ul­gam­la­ry we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry», «Komp­ýu­ter ul­gam­la­ry üçin prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi», «Mag­lu­mat howp­suz­ly­gy, mag­lu­mat-öl­çeg teh­ni­ka­sy we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry», «Sal­gyt do­lan­dy­ry­şy» we «Dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti» ýa­ly tä­ze açy­lan okuw ugur­la­ryň bir­nä­çe­si bar.
Şu okuw ýy­lyn­dan ýur­du­my­zyň or­ta hü­när okuw mek­dep­le­rin­de hem tä­ze hü­när­le­riň bir­nä­çe­si açyl­ýar. In­di­ra Gan­di adyn­da­ky Aş­ga­bat luk­man­çy­lyk or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de or­to­pe­dik sto­ma­to­lo­gi­ýa­sy, Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Daňa­tar Öwe­zow adyn­da­ky Türk­men döw­let ýö­ri­te saz­çy­lyk mek­de­bin­de est­ra­da sun­ga­ty, Da­şo­guz ag­ro­se­na­gat or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de yk­dy­sa­dy­ýet we san­ly mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, «Türk­men­deňiz­der­ýa­ýol­la­ry» agent­li­gi­niň Türk­men­ba­şy şä­he­rin­dä­ki deňiz­çi­lik or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we te­bi­gy mi­ras ýa­ly tä­ze hü­när­ler gi­ri­zil­di.
Üs­tün­lik hem­ra­ňyz bol­sun, mäh­ri­ban da­laş­gär­ler!