“Sewilýanyň” fransiýaly goragçysyny transfer etmek üçin “Çelsi” bilen “Barselona” toparlary ýiti göreş alyp bardy. Ahyrynda-da 23 ýaşly futbolçy “La Ligada” galmagy saýlady. Ýagny merkezi goragçy “Barselona” bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Katalonlar Kundeniň transferi üçin “Sewilýa” 50 million ýewro tölär. Goşmaçalar bilen bu mukdaryň üstüne ýene-de 5 million ýewro hem goşular. Şeýlelikde, “Barselona” Rafinýadan soň Kundeni hem transfer edip, iki futbolçyny hem düzümine goşmakda “Çelsini” yzda galdyrdy. Braziliýaly Rafinýa bilen “Çelsi” hem içgin gyzyklanypdy. “Barselona” topary Kundeden öň 5 futbolçy transfer edipdi.