Ame­ri­kan ast­ro­naw­ty Bazz Ald­ri­niň 1969-njy ýyl­da Aýa aýak ba­sa­nyn­da ge­ýen pen­je­gi auk­si­on ar­ka­ly sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy. «Sot­he­by’s» auk­si­on öýi ta­ra­pyn­dan Nýu-Ýork­da gu­ra­lan söw­da­da pen­jek re­kord ba­ha­ – 2,8 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­dy. Aýa aýak ba­san ikin­ji adam bo­lan Ald­ri­niň pen­je­gin­de «Apol­lo 11»-iň ny­şa­ny hem-de «E. Ald­rin» ýaz­gy­sy bar. Bu pen­jek «Apol­lo» uçuş­la­ry­na gat­na­şan ast­ro­nawt­lar üçin syk do­ka­lan, ýan­ma­ýan ma­ta­dan ti­ki­lip­dir.
Auk­si­on öýi pen­je­giň hä­zi­re çen­li sa­ty­lan iň gym­mat pen­jek bo­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Auk­sio­nyň ba­ry-ýo­gy 10 mi­nut­da ta­mam­la­nan­dy­gy aý­dyl­dy. Pen­je­giň 2 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar­dy.
«Apol­lo 11» mis­si­ýa­sy­na gat­na­şan Nil Armst­rong bi­len Maýkl Kol­lin­siň ge­ýen pen­jek­le­ri bol­sa, Wa­şing­ton­da­ky Mil­li ho­wa we kos­mos mu­ze­ýin­de sak­lan­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da 92 ýa­şyn­da bo­lan Ald­rin 1969-njy ýyl­da ýol­da­şy Armst­rong­dan soň­ra adam­zat ta­ry­hyn­da aýa aýak ba­san ikin­ji adam bol­dy.