“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” Türkmenistanyň nebitgaz hem-de gurluşyk we senagat toplumlarynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ýurdumyzda ýokary hilli turba önümleriniň öndürilişini has-da artdyrmak we işleri talabalaýyk guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine we “Türkmennebit” döwlet konsernine “Türkmenturba” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, onuň binýadynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagynda “Türkmenturba” zawodyny bellenen tertipde döretmäge ygtyýar berildi.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmenturba” zawody üýtgedilip guralan “Türkmenturba” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hukuk oruntutary diýip kesgitlenildi.

“Türkmengaz” döwlet konserni “Türkmenturba” zawodyny ähli emläkleri we maliýe borçnamalary bilen bilelikde “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine bellenen tertipde bermäge borçly edildi.

Şeýle hem resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Ýurdumyzda azyk üpjünçiligini has-da pugtalandyrmak we azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda çykaran 943-nji, 2019-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda çykaran 1435-nji, 2020-nji ýylyň 30-njy noýabrynda çykaran 2004-nji Kararlaryna laýyklykda, möçberleri tassyklanan oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalaryndan ýer böleklerini alan Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, beýleki ýuridik şahslar hem-de raýatlar döwlet tabşyrygy esasynda 2022-nji ýylyň bugdaý hasylyny öndürmek boýunça bellenen meýilnamadan artyk öndüren bugdaý hasylynyň bir tonnasyny 1 müň 600 manatdan döwlete tabşyrmaga borçly edildi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine bugdaý hasylyny tabşyrýan Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, beýleki ýuridik şahslar hem-de raýatlar bilen bellenen tertipde bugdaýyň bahasy boýunça hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny öndürmekde daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary we eýeleri bilen şertnamalary baglaşmak esasynda, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde 2023-nji ýylyň hasyly üçin ýurt boýunça bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlarda gazanylan uly üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitleri, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetlilige esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň, mähriban Watanymyzda durmuşa geçirilýän iri möçberli Döwlet maksatnamalarynyň taryhy ähmiýetini giňden wagyz etmek, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek döwlet çärelerine gowy taýýarlyk görmek we bu çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Medeniýet ministrligi degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.

***

“Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan gelip çykýan wezipeler ýerine ýetirilende, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda harby we hukuk goraýjy edaralaryň, hususy taraplaryň işini utgaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça utgaşdyryjy pudagara topary döredildi we toparyň düzümi hem-de pudagara topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.