Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan «Rowaç» kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa şu günden dynç alşa çykan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Dabaranyň geçirilýän ýerinde döwlet Baştutanymyzy Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Balkan welaýatynyň häkimi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy garşylady. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan ýörite taýýarlanan aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz täze gurlan «Rowaç» kottejler toplumynyň toý bagyny kesip, onuň hyzmat ediş merkezinde, kottejlerde, ýanaşyk deňiz kenarynda raýatlaryň göwnejaý dynç almagy üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.

Ýeri gelende bellesek, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan «Sabyrly maşgala» hususy kärhanasy, «Kent gurluşyk» hem-de «Güneşli deňiz» hojalyk jemgyýetleri tarapyndan gurlan täze toplum häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän 2 gatly kottejleriň 48-sini özünde jemleýär. Umumy meýdany 10 gektara deň bolan kottejler toplumynyň gurluşygyna geçen ýylyň ýanwarynda badalga berildi. Onuň açylmagy bilen, 200-e golaý täze iş orny döredi. Toplumyň çägindäki standart, maşgala we lýuks görnüşli 10, 16, 18 otagly kottejlerde dynç almaga gelýän raýatlar üçin ähli zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr.