Italiýan “Ferrari” kompaniýasy aprel-iýun aýlarynda 1,3 milliard ýewrolyk girdeji gazandy. “Bloomberg”-iň pikir soraşmasynda bu görkezijiniň 1,2 milliard ýewro bolmagyna garaşylýardy. Ýokary tizlikli ulaglary öndürýän kompaniýanyň şeýle girdeji gazanmagyna “Portofino M” we “F8” modelleriniň satuwynyň täsirli bolandygy mälim edildi. “Ferrari NV” ýylyň ikinji çärýeginde Hytaýdan we ABŞ-dan garaşylandan ýokary sargyt kabul etdi.
Häzirki wagtda kompaniýa Italiýanyň demirgazygyndaky taryhy zawodyny elektroulag merkezine öwürmegi maksat edinýär. Bu täzelik köp ýangyç sarp edýän kuwwatly ulaglary öndürýän kompaniýalaryň hem elektroulag önümçiligine geçip başlandygyny görkezýär. Kompaniýa elektrik energiýasy hem-de gibrid ulaglary işläp taýýarlamak üçin 4,4 milliard ýewro maýa goýum goýar. 2026-njy ýyla çenli kompaniýanyň öndürýän ulaglarynyň 60 göterimini şeýle ulaglar emele getirer. Şu ýylyň sentýabrynda bolsa, kompaniýa adatdaky pes we iki gapyly sport ulaglaryndan düýpgöter tapawutlanýan SUV ulagy bolan “Purosangue”-ni tanyşdyrar.