Ita­li­ýan “Fer­ra­ri” kom­pa­ni­ýa­sy ap­rel-iýun aý­la­ryn­da 1,3 mil­liard ýew­ro­lyk gir­de­ji ga­zan­dy. “Bloom­berg”-iň pi­kir so­raş­ma­syn­da bu gör­ke­zi­ji­niň 1,2 mil­liard ýew­ro bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar­dy. Ýo­ka­ry tiz­lik­li ulag­la­ry ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­nyň şeý­le gir­de­ji ga­zan­ma­gy­na “Por­to­fi­no M” we “F8” mo­del­le­ri­niň sa­tu­wy­nyň tä­sir­li bo­lan­dy­gy mä­lim edil­di. “Fer­ra­ri NV” ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gin­de Hy­taý­dan we ABŞ-dan ga­ra­şy­lan­dan ýo­ka­ry sar­gyt ka­bul et­di.
Hä­zir­ki wagt­da kom­pa­ni­ýa Ita­li­ýa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky ta­ry­hy za­wo­dy­ny elekt­rou­lag mer­ke­zi­ne öwür­me­gi mak­sat edin­ýär. Bu tä­ze­lik köp ýan­gyç sarp ed­ýän kuw­wat­ly ulag­la­ry ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryň hem elekt­rou­lag önüm­çi­li­gi­ne ge­çip baş­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Kom­pa­ni­ýa elekt­rik ener­gi­ýa­sy hem-de gib­rid ulag­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak üçin 4,4 mil­liard ýew­ro ma­ýa go­ýum go­ýar. 2026-njy ýy­la çen­li kom­pa­ni­ýa­nyň ön­dür­ýän ulag­la­ry­nyň 60 gö­te­ri­mi­ni şeý­le ulag­lar eme­le ge­ti­rer. Şu ýy­lyň sent­ýab­ryn­da bol­sa, kom­pa­ni­ýa adat­da­ky pes we iki ga­py­ly sport ulag­la­ryn­dan düýp­gö­ter ta­pa­wut­lan­ýan SUV ula­gy bo­lan “Pu­ro­san­gue”-ni ta­nyş­dy­rar.