Jeýms Bond seriýasynyň “No Time To Die” filminde sürlen “Aston Martin DB5” awtoulagy auksiona çykarylar. Meşhur ulagyň 2 million funt sterlinge satylmagyna garaşylýar. Belli iňlis aktýory Deniel Kreýgiň Jeýms Bonduň keşbini ýerine ýetirýän 2021-nji ýylda prokata çykan filmde ulanylan maşyny alan adamyň bu ulagy köçede sürüp bilmejekdigi aýdyldy. Sebäbi ulag ýörite modikasiýa edilendigi üçin ýol hereketine goşulmagy üçin degişli resminamasy ýok. “Aston Martin DB5” awtoulagy ilkinji gezek 1964-nji ýylda prokata çykan “Goldfinger” filminde ulanylýar. Şol filmdäki ýörite öndürilen “Aston Martin”-i şotland aktýory Şon Konneri sürýär.