“Mercedes” awtoulaglaryny öndürýän “Daimler” kompaniýasy elektrik energiýasy bilen işleýän ikinji ýük ulagynyň önümçiligini ýola goýdy. “Benz eEconic” atly ýük ulagynyň zibilleriň ýygnalmagy we beýleki ýük gatnawlaryna niýetlenen görnüşleri öndüriler. Elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglarynyň sanyny artdyrmagy maksat edinýän “Daimler Truck” Wört önümçilik desgasynda öndürilýär. Mundan ozal nemes brendi “eActros” atly ýük ulagynyň önümçiligini ýol goýupdy. Täze öndürilip başlanan ulag maý aýyndan bäri müşderiler tarapyndan synag edildi. Ilkinji “Benz eEconic” ulagy Daniýada ulanyşdan galan harytlary ýygnamak bilen meşgullanýan “Urbaser A/S” kompaniýasyna berler. Täze öndürilýän ulaglar müşderilere tapgyrlaýyn ýetiriler. Elektrik energiýasy bilen işleýän ýük ulaglar adaty ýangyçly ulaglaryň öndürilýän konweýerinde öndüriler. Ulagyň köp bölegi taýýar bolandan soňra täze desgada batareýa bilen bagly bölekleri oturdylar.
Täze elektrik ýük ulagynyň tehniki aýratynlyklary köp babatda “eActros” bilen meňzeş. Zibil ýygnamaga niýetlenen ilkinji ulag häzirki wagtda bu maksat bilen ulanylýan ýük ulagynyň bir çalşykda geçýän aralygyny zarýad bermesiz geçip bilýär. Içiniň rahatlygy we multimediýa ulgamy bilen tapawutlanýan ýük ulagy howpsuzlygy bilen hem tapawutlanýar. Ulagyň panoramiki penjiresi ähli tarapy görmäge mümkinçilik berip, islendik howa şertlerinde bugarmagyň öňüni alýan ulgam bilen üpjün edilen. Nemes kompaniýasy 2050-nji ýyla çenli ulaglarynyň nol uglerodly bolmagyny maksat edinýär. Dünýäniň käbir sebitlerinde bu maksadyna has ir ýeter.