Dünýä belli rok ýyldyzy Elwis Presliniň şaý-sep kolleksiýasy auksiona çykarylar. Auksionda sungat ussadynyň 1968-nji sahnada çalan gitarasy hem satylar. Presliniň menejeri Tom Parkere sowgat eden aksesuarlary hem satylar. Jemi 200 bölekden ybarat bolan kolleksiýanyň 50 ýyldan bäri nirededigi näbellidi. Kolleksiýa Presliniň aýaly Prissilla Presliniň hem goşandy bilen jemlenipdir. Onuň aýaly kolleksiýadaky zatlaryň hakykydygyny, bularyň Elwisiň dakynandygyny aýtdy. Auksion 27-nji awgustda geçiriler.