ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden 3-nji awgustda ýolbaşçylyk edýän administrasiýasynda täze ýolbaşçylary wezipe bellemek baradaky başlangyçlaryny öňe sürdi. Bu barada Ak Tamyň metbugat gullugy habar berýär. Prezident Baýdeniň dürli wezipeler üçin görkezilen dalaşgärleriň arasynda ABŞ-nyň käbir ýurtlardaky ilçileri hem bar. Şol sanawda Elizabet Rud ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde dalaşgär görkezildi.
Hanym Elizabet Rud geňeşçi derejesindäki tejribeli diplomatdyr. Ol häzirki wagtda ABŞ-nyň Russiýadaky ilçisiniň orunbasary wezipesini alyp barýar. Mundan ozal, ol ABŞ-nyň goşunynyň Harby kollejinde fakultet geňeşçisi, ABŞ-nyň Gruziýadaky ilçisiniň orunbasary, köp wagtlap işleri wagtlaýyn ynanylan wekil wezipelerini amala aşyrdy.
Şeýle hem ol ABŞ-nyň Owganystandaky ilçihanasynyň syýasy meseleler boýunça geňeşçisi wezipesinde hem işledi.
Mundan başga-da, hanym Elizabet Rud Pakistanyň Peşawar şäherindäki ABŞ-nyň Baş konsullygynyň baş hünärmeni, Owganystanyň günorta-gündogar welaýatlary boýunça ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň dikeldiş toparynyň wekili bolup işledi.
Elizabet Rud diplomatik gullukda işläp başlamazdan ozal, 1993-nji ýylda Merilend ştatynyň Frederik okrugyndaky döwlet mekdeplerinde mugallymçylyk etdi. Elizabet Rud Demirgazyk Karolina ştatynyň Keri şäherinde dünýä indi. Ol Merilend uniwersitetinde magistr derejesini aldy. Wirjinýa ştatynyň Rendolf-Meýkon zenanlar kollejinde ynsanperwer bilimler boýunça bakalawr derejesini aldy.
Hanym Elizabet Rud ene dili bolan iňlis dilinden başga-da, rus, fransuz, nemes, puştu, dari we gruzin dillerini bilýär. Häzirki wagtda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesini S.Metýu Klimow alyp barýar.