Hindistanyň hökümeti geljek birnäçe ýylyň dowamynda daşky gurşaw bilen bagly durmuşa geçiriljek maksatnamany tassyklady. Ýurduň hökümeti 2021-nji ýylda Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatynda (COP26) mälim eden kömürturşy gazynyň howa goýberilişini azaltmak barada taýýarlanan maksatnamany tassyklady. Bu maksatnamanyň çäklerinde ýurtda 2030-njy ýyla çenli uglerodyň goýberilişi 45 göterim azaldylmagy göz öňünde tutulýar. Tapgyrlaýyn amala aşyryljak maksatnamanyň çäklerinde 2070-nji ýyla çenli bolsa, “nol uglerod” maksadyna ýetiler. “Nol uglerod” adam eli bilen döredilen işler sebäpli atmosfera kömürturşy, metan, azot ýaly gazlaryň Ýer ýüzünde tebigy ýagdaýda ýol bolýan gaz bilen deňagramly bolmagyny aňladýar. Şeýlelikde, ösümlikleriň sorup alýan gazy bilen adam eli bilen döredilen gaz deňleşip, arassa howa üpjün ediler.
“Nol uglerod” adalgasy ilkinji gezek 2015-nji ýylda geçirilen Pariž şertnamasynda orta atylypdy. Bu şertnama dünýäniň ähli ýurtlarynyň wekilleri gatnaşypdy.